
Çarymyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmenistanly eminler Russiýanyň Rostow hem-de Gazagystanyň Astana toparlarynyň arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda eminlik etdiler.
BAE-de geçirilen oýun 1:0 hasabynda Waleriý Karpiniň şägirtleriniň peýdasyna tamamlandy.
Ýoldaşlyk duşuşygynda kömekçi eminleriň wezipelerini Akmyrat Gurbanow bilen Ahmet Begnazarow ýerine ýetirdiler.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň çämpionatynda eminlik etmäge dalaşgär bolan FIFA derejeli türkmen eminleriniň 13-si hem-de halkara derejeli FIFA-nyň instruktorlarynyň 2-si BAE-niň Abu-Dabi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýärler. Türgenleşik ýygnanyşygy 24-nji fewrala çenli dowam eder.