Türkmen ekologlary Menzbir ornitologiýa jemgyýetiniň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdylar

Guşlar daşky gurşawyň ýagdaýynyň görkezijileridir. 19-njy fewralda dünýä ýurtlarynyň köpüsinde guşlary halaýanlar Ornitologlaryň gününi belleýärler.Bu sene 1983-nji ýylda Menzbir ornitologlar jemgyýetiniň (MOJ) döredilmegi bilen baglanşyklydyr, ol ornitologiýanyň we zoogeografiýanyň ösüşine ägirt uly goşan dünýä belli alym M.A.Menzbiriň (1855-1935 ýý) ady bilen baglanşyklydyr.

Häzirki wagtda diňe bir bu ugurdan işleýän hünärmenler däl, eýsem dürli döwletlerden guşlary öwrenmäge we goramaga höweseklerem bu jemgyýetiň agzalarydyr.

Türkmen alymlary E.K.Rustamow, Ö.S.Sopyýew we M.B.Amanowa dagy hem jemgyýeti döretmegiň gözbaşynda duranlardyr. Şu hereketiň çäklerinde biziň ýurdumyzda-da—dekabrda “Durnalar güni”, aprelde “Guşlar güni” we maý aýynda bolsa “Ötegçi guşlaryň güni” bellenilýär. Ýurdumyzyň ornitologlary Daşky gurşawy goramak we ýer serişdelri baradaky döwlet komitetiniň ýardam bermeginde awçylaryň arasynda leksiýalar okaýarlar we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem-de mekdep okuwçylary bilen ekskursiýalar, şeýle hem MOJ-yň weteranlary bilen duşuşyklar gurnaýarlar.

Russiýaly, azerbaýjanly, belarusly, gazagystanly, gyrgyzystanly, özbegistanly, ukrainaly ornitologlar bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, türkmen alymlarynyň Beýik Britaniýanyň Şa zenanynyň guşlary goramak boýunça jemgyýetçilik guramasy (RSPB) bilen hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýär.

Ornitologlar gününiň we Menzbir ornitologiýa jemgyýetiniň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň öňýanynda türkmen hünärmenleri Twerde geçirilen Bütinrussiýa ornitologiýa kongresine we Moskwada geçirilen “Guşlary goramagyň wajyp meseleleri” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.

Tematiki mejlisleriň barşynda olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň seýrek duşýan görnüşlerini goramak boýunça amala aşyrylýan işler, suwda ýüzýän guşlaryň gyşlaýşy, şol sanda Hazarda we “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Baş akabasynyň töwereginde gyşlaýşy barada (professor E.E.

Rustamowyň çykyşy) gürrüň berdiler.M.W.Lomonosow adyndaky MDU-da MOJ-yň Merkezi geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde guşlaryň seýrek duşýan we ýitip barýan görnüşlerini goramak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Menzbir ornitologik jemgyýetiniň Orta Aziýa bölüminiň mejlisi geçirildi
Tallymerjen töweregi durnalaryň we beýleki suwda-batgada ýaşaýan guşlaryň mekany halkara derejesini aldy
Akademik Enwer Rustamow: ylma bagyşlanan ömür
Türkmenistanda guşlary hasaba almagyň gyşky möwsümi tamamlandy
Awstriýanyň kompaniýasy Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Russiýanyň Stella haryt nyşany Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy