Türkmen edebiýatynda uruş we parahatçylyk temalarynyň şöhlesi

Türkmen edebiýatynda uruş we parahatçylyk temalarynyň şöhlesi

Adamzat taryhy gadymy döwürlerden bäri dünýä sahnasynda agyr betbagtçylyklara ýol açan uruşlara şaýat boldy.

Häzirki wagtda dünýäniň dürli sebitlerinde dowam edýän zorluklar, Russiýa Ukraina söweşi, Ýakyn gündogardaky konfliktler, terror howpy we aýry-aýry zorluk hereketleri ýene bir gezek ynsan ogluna taryha siňen gazaply uruşlaryň garaňky ýüzüni ýatladýar diýip, uruşlaryň taryhyny öwrenijiler alada bildirýär.

Ýaňy-ýakynda Internetde paýlaşylan podkastlaryň birinde alyp baryjy, dünýä belli meşhur şahsyýetleriň biri bilen uruşlaryň ynsan tebigaty bilen baglanyşygy barada gürrüň edýär.

“Jeňňellere syn edip görseňiz, daşyndan örän asuda bolup görünýändir, ýöne has içgin ser salsaňyz, jeňňeliň içindäki janly-jandarlar hem aman galmak üçin biri-birlerini öldürýärler” diýip, podkastdaky myhman aýdýar.

Ýöne jeňňeliň-de, tokaýyň-da, kada-kanunlary bolara çemeli. Ynsan ogly hem onlarça müň asyrlardan bäri janly tebigatyň aýrylmaz bir bölegi, kämil ekosistemanyň möhüm bir parçasy bolup geldi.

Uruşlar öz döwründe jemgyýetleriň huşuna içgin täsir edýär: edebiýat, sungat, döredijilik, umuman ynsan tebigatyna mahsus aýratynlyklaryň ählisi uruşlardan täsirlenýär diýip, synçylar aýdýar.

Eýsem, adamzat taryhyndaky uruşlar, umuman uruş hereketleriniň islendik görnüşi türkmen edebiýatynda nähili şöhlelenýär?

Şu günki gepleşigimiziň myhmany uruş döwründe, hususan-da, edebiýatyň we sungatyň käteler hökmürowanlaryň elinde propaganda guralyna öwrülip bilýändigini aýdýar. Uruş propagandasy ynsan aňynyň ýagşy bilen ýamany, gowy bilen erbedi, hakly bilen haksyzy obýektiw seljermek ukybyny küteldýär.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany uruş we parahatçylyk temasynyň türkmen edebiýatyndaky şöhlelerine syn edýär. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan ýazyjy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasy 75 ýaşady
Jemgyýetçilik pikirleri dünýä arenasyny 'ýakyndan synlaýar', raýat raýdaşlygy 'ösýär'
Dünýä Türkmenleri: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär (2-nji bölüm)
Dünýä Türkmenleri: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär
Ýagşylykda, adamlary birleşdirmekde ýatlanýan ýazyjy
'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?