Dzýudo boýunça Hytaýyň Taýbeýinde tamamlanan Aziýanyň açyk halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki medala mynasyp boldular. Bäsleşiklere 23 ýurtdan iki ýüze golaý türgen gatnaşdy, olar ähli sebit konfederasiýalaryna wekilçilik edýärler.
90 kilograma çenli agram derejede Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň toplumlaýyn sport mekdebiniň tälimçisi Tejen Tejenow altyn medaly eýeledi. Bu üstünlige barýan ýolda biziň türgenimiz bäsleşikleriň üç tapgyryny geçdi. Çärýek finalda türkmenistanly türgen bir minutdan hem az wagtda Koreýa Respublikasyndan dzýudoçyny ýeňmegi başardy.
Finala çykmak üçin bäsleşikde awstraliýaly dzýudoçy bilen tutluşyk birneme uzaga çekdi, emma ýarym final bäsleşigi üstünlikli tamamlandy. Garaşylyşy ýaly, Rokas Nenartawiçus (Litwa) bilen geçirilen tutluşyk has çekeleşikli boldy. Şunda hem T.Tejenow möhletinden öň üstün çykdy.
Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubyna wekilçilik edýän Batyr Hojamuhammedow 100 kilograma çenli agram derejede iki ýeňiş gazanyp, finala çykdy. Emma finalda Koreýa Respublikasyndan türgen Kim Leýhundan asgyn gelip, kümüş medaly eýeledi. Iri halkara ýaryşlarynda bu sylag Batyryň şu ýyl gazanan ilkinji üstünligi däldir. Ol mart aýynda Marokkada geçirilen “Agadir Grand Prix” ýaryşynda üçünji orny eýeledi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň topary bir altyn we bir kümüş medal bilen umumy hasapda bäşinji orny eýeledi.