
23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän “2022-Import harytlaryň sergisiniň” açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, Nusaý, Gala, Goza, Merw, Bedew ýaly haryt nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Şonuň ýaly-da, milli pawilionda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary bilen birlikde döwletimiziň dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, türkmen halylary, milli el işleri, zergärçilik önümleri ýaly ekspozisiýalar goýlupdyr.
Sergi öz işini 25-nji iýuna çenli dowam eder.Bu halkara sergä 60-dan gowrak ýurtdan 70 töweregi kompaniýa gatnaşýar.