Türkmen döwleti 100 ýaşady

Türkmen döwleti 100 ýaşady

27-nji oktýabrda häzirki Türkmenistanyň çäginde Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň (TSSR) esaslandyrylmagyna göni 100 doldy.

Bu tema boýunça Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda çap edilen makalanyň doly mazmuny bilen şu çelgiden tanyş bolup bilersiňiz!

XIX asyryň ahyrlarynda rus goşunlary tarapyndan basylyp alnan we munuň netijesinde Rus patyşaIygyna birikdirilen ilkinji häzirki zaman türkmen döwleti XX asyryň birinji çärýeginde Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzynyň çäginde esaslandyrylýar.

Türkmenistan SSR-i häzirki Türkmenistanyň çäklerinde, ozal Rus patyşalygynyň Türküstan guberniýasynyň Zakaspi oblastyny, ozalky Hywa hanlygynyň hem-de Buhara emirliginiň bir bölegini öz içine alýan sebitlerde türkmen sowet ýolbaşçylary tarapyndan esaslandyrylýar.

Bu bölünişik Moskwa häkimiýetleriniň tutuş Orta Aziýa sebitinde milli-döwlet bölünişigi bilen bagly döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän döwürlerinde amal edilýär.

Etniki gelip çykyşy boýunça esasan türkmenleriň ýaşaýan sebitlerinde bir bitewi dile, medeniýete we bir bitewi ykdysadyýete eýe bolan Türkmenistan döwleti 1925-nji ýylyň 24-nji fewralynda Aşgabatda geçirilen Bütintürkmenistan sowet gurultaýynda “TSSR-i döretmek hakynda Jarnama” bilen yglan edilýär we şol bir gurultaýda “Türkmenistan SSR-niň SSSR-iň düzümine meýletin girýändigi hakynda” karar kabul edilýär.

Taryhy çeşmelerden mälim bolşuna görä, daşary ýurtlaryň arasynda ilkinjilerden biri bolup, Türkiýe Respublikasy 1925-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyny özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edýär.

Ýöne Sowet Soýuzyna bakna Türkmenistan Moskwadan birugsat daşary syýasaty kesgitläp, daşary ýurtlar bilen aragatnaşygy ýola goýup bilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasynyň nobatdaky sany bu möhüm senä bagyşlanýar. Gepleşige Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwletliligi 'global öwrülişikleriň bosagasynda' ikinji ýüzýyllyga gadam basýar
Pandemiýa döwründe Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlanýar
Halklaryň huşasty gorlary nakyllar we atalar sözi: Gassaba ýag gaýgymy ýa-da jam gaýgymy?
Türkmenistanyň Sowet mirasy: Lenin heýkeli we Sowet aňyýetiniň köpýyllyk täsiri
Ýakyn taryhyň çatrygynda (4-nji bölüm): Irki Aşgabadyň hronikasy
Bir asyryň gazeti: taryha syýahat