Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredilmeginiň 95 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan hasabat konserti boldy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan suratlarynyň sergisi hem guralyp, kirişli saz gurallary bölüminiň taýýarlan, çalan eserleri oňa özboluşly bezeg berdi.
M.B.Kerimow, S.S.Baýryýewa, M.Ç.Jumaýewa dagynyň taýýarlan “Türkmen saz biliminiň binýady” atly kitaby dabara uly sowgat boldy.
Konsert üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň çalmagynda Daňatar Hydyrowyň sazyna, Ogultäç Oraztaganowanyň sözlerine döredilen “Bagtyýarlyk aýdymy” bilen badalga aldy.G.Begenjowyň dirižýorlyk etmeginde bu aýdymy Mergen Ataýew, Begenç Gaýypow hem-de hor topary ýerine ýetirdi.
Soňra sazyny ýene-de şol orkestriň çalmagynda, Söhbet Maksatmyradow “Gyr atym” atly türkmen halk aýdymyny aýtdy.Konsert Ýewgeniý Doganyň “Wals” sazynyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi.
Soňra dabaranyň barşynda başga-da birnäçe türkmen halk aýdym-sazlary we daşary ýurt eserleri ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmyrat Ýazmyradowyň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarowyň Magtymguly Pyragynyň keşbinde çeper okaýşy, simfoniki orkestriň çalmagynda, Perman Miriýewiň dirižýorlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň Suhan Tüýliýewiň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen “Ýeldim tut” atly aýdymy ýerine ýetirmegi konsertde uly şowhun döretdi.