Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekiliýeti öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin Fransiýada saparda boldular

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekiliýeti öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin Fransiýada saparda boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary we hünärmenleri 20 — 27-nji noýabr aralygynda Fransiýa Respublikasynda iş saparynda boldular. Sapar öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary we sanly ulgama degişli enjamlary, emeli aň tehnologiýalaryny, maglumat howpsuzlygyny ýakyndan öwrenmek hem-de olaryň okuw-usuly, ylmy-barlag işlerine ornaşdyrylyşy bilen tanyş bolmak maksady bilen geçirildi diýlip, Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, wekiliýet Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurluşygy alnyp barylýan täze binalar toplumynyň okuw-tejribehana, ylmy-barlag otaglaryny halkara ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, emeli aň tehnologiýasyny düýpli we netijeli öwrenmek, ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli tejribe alyşmak, şu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tejribe alyşdylar.

Iş sapary döwründe professor-mugallymlardyr hünärmenler Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherindäki Sorbonn uniwersitetine, Pariž şäher uniwersitetine, Pariž şäherinde ýerleşýän Amerikan işewürlik ýokary okuw mekdebine baryp, teoretiki we amaly bilimiň guralyşy, okuw işine emeli aňyň ornaşdyrylyşy, inženerçilik we fizika ugurlary boýunça 3D modelirleme, robototehnika ulgamlary üçin ulanylýan ýörite programmalary okuw işine ornaşdyrmakda täze döwrebap tehniki serişdeleriň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular.

Şu ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen adamzadyň kämil paýhasynyň we tehnologiýalar babatda soňky gazananlarynyň önümi bolan emeli aň tehnologiýalary bilen işleýän onlaýn okuw modelleri arkaly talyplaryň ukybyna görä okuw programmalaryny düzmegiň, okuw ulgamyny dolandyrmagyň döwrebap usullary barada özara pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Parižde Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy atly halkara maslahat geçirildi
Parižde abatlanan Notr-Dam baş ybadathanasy açyldy
Ýene bir deňme-deňlik
Dünýä 2025-nji ýyla "Hoş geldiň" diýdi
Parižlilere bu gezek ýeňiş gazanmak kyn düşmedi
Notr-Dam ybadathanasy açylar