Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär

Şu günler Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Bu ýerde işleýän müňe golaý gurluşykçynyň irginsiz zähmeti binalaryň agramly böleginde daşky mermerleri örtmek işlerine girişmäge mümkinçilik berdi diýlip , Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw binalaryndan başga-da, talyplar üçin her biri 360 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisiniň boýy ýetirildi. Häzirki döwürde bolsa mugallymlar üçin 12 öýli we 200 talyba niýetlenen saglyk merkezli umumy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Institutyň täze binalar toplumy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylyp ulanmaga berler. 20 gektar meýdany öz içine alýan binalar toplumyny Nahal hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary gurýarlar.

Bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan Türkmenabat şäherinde ozal hem welaýat hassahanasynyň, kitaphananyň, saglygy dikeldiş we okuw-terbiýeçilik toplumynyň, Bagtyýarlyk çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň binalary gurlupdy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Milli Bag ekiş güni mynasybetli wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi
Gazada ýene-de bir ysraýylly esger ýogaldy
Aýallarda ýatgy we göwüs düwünlerini anyklamaga gönükdirilip, ginekologiýa barlaglary geçirilýär
Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň howlularyndaky agaçlary çapmak gadagan edildi
Bizden öňküler ekdi (türk ertekisi)
Daşoguzly tokaý hojalykçylary şu ýyl 8 müň gektar ýere sazak ekdiler