Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda şu ýyl täze ugur --- defektologiýa hünäri açyldy. Bu ylmy dersde dürli ýagdaýdaky, mümkinçilikleri çäkli çagalary fiziki, intellektual, akyl we emosional ösüşde okatmagyň we terbiýelemegiň aýratynlyklary öwredilýär. Ylym dürli ugurlary öz içine alýar: düzediş pedagogikasy, reabilitasiýa, söz terapiýasy we başgalar.
Eýýäm 13-nji awgustda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda giriş synaglary tamamlandy.Olaryň netijesinde iň zehinli ýaşlar instituta okuwa kabul edildi. Şu ýyl bu baýry ýokary okuw mekdebiniň taryhynda ilkinji gezek diňe bir Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlaryndan däl, eýsem, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şeýle-de Ahal we Balkan welaýatlaryndan hem ýaşlar okuwa kabul edildi.
Bu barada jeyhun.news ýazýar.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenabat şäherinde institutyň täze binalar toplumy gurulýar. Ony 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.