Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýäniň Kölegeler teatry çykyş etdi

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýäniň Kölegeler teatry çykyş etdi

Şu gün Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda geçirilýän Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň çäklerinde Garagöz we Hajiwat atly oýny bilen çykyş etdiler.

Uýsal Güýç Filiziň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan Garagöz we Hajiwat iki bölümli, bir perdeli kölege oýny bolup, ol Osmanlylar döwründen bäri tutuş Anadolyda meşhurdyr. Bu kölege oýny Gresiýada Karagiozis, Bosniýa we Gersegowinada bolsa Karagöz ady bilen mälimdir.

Bu kölege oýny halk arasyndaky rowaýlardan, hekaýatlardan susulyp alnyp, onda hereket edýän gahrymanlara merdanalyk, şeýle hem degişme häsiýetler çaýylýar. Bu kölege oýnunyň esasy gahrymanlary — Garagöz bilen Hajiwatyň arasyndaky özara gatnaşyklar ýumoryň üsti bilen sahnada ökdelik bilen janlandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Kölegeler teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi
Türkiýäniň Kölegeler teatry Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwala gatnaşýar
Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry hem çykyş eder
BMG raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi
BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasy geçirildi