Türkmen döwlet gurjak teatry halkara teatr festiwalynyň kubogyna hem-de diplomyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet gurjak teatry halkara teatr festiwalynyň kubogyna hem-de diplomyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet gurjak teatry 24 — 27-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 19-njy Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar atly halkara teatr festiwalynyň kubogyna hem-de diplomyna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, festiwala 8 döwletiň, ýagny Türkmenistanyň, Ispaniýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Kubanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, şeýle hem Türkiýäniň teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan Baky rowaýatlar atly oýunda Seýit Jemaleddiniň ýadygärligi bilen bagly rowaýat janlandyrylýar.

Türkiýe Respublikasynyň Döwlet teatrlarynyň baş müdirliginiň Ankara şäherindäki sahnasynda köpçülige ýetirilen çykyş tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine hem-de ussatlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Dürli ýurtlaryň artistleri we režissýorlary bilen döredijilik duşuşyklary-da guraldy. Iş usullary, hususan-da, gurjak oýunlaryny sahnalaşdyrmagyň režissurasy barada gürrüňdeşlikler geçirildi. Dostlukly döwletleriň teatrlarynda Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri hem-de döredijiligine bagyşlanan spektakllary döretmek teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaşar Güler Bosniýa Gersegowinaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Bosniýa we Gersegowinanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýäniň Kölegeler teatry çykyş etdi
Aşgabatda Kölegeler teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi
Ýene bir ýygyndy Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy