Turkmenportal web saýtymyzda habar berşimiz ýaly, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriň talyp ýaşlarynyň arasynda Bitarap Watanymyz nusga äleme, sport ylham berýär her bir ýürege atly uzak aralykdan döredijilik bäsleşigini yglan edipdi.
Talyp ýaşlary döredijilige höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşan talyplar öz makalalarynda Bitarap Türkmenistanyň sport äleminde ýeten belent sepgitlerini, türkmen Lideriniň ýurtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge berýän üns aladalaryny, türkmen türgenleriniň milli we halkara ýaryşlarda gazanýan üstünliklerini açyp görkezdiler.
Bäsleşige hödürlenen işler şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli kabul edildi.Bäsleşige gatnaşyjylar öz makalalarynda, goşgularynda, kyssa eserlerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň tdbsi@sanly.tm, tdbsi@mail.ru elektron poçtalaryna iberdiler.
Talyplardan gelen makalalara mynasyp baha bermek üçin ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlaryndan, şeýle-de köpçülik habar beriş serişdeleriniň wekillerinden düzülen eminler topary döredildi.Eminler bäsleşige hödürlenen makalalary okap, olaryň çeperçiligine, wakany beýan edişlerine, şeýle-de bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyk gelýän şertlerine nazarda aldylar.
Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda bäsleşigiň baş baýragyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gunça Gurbanmämmedowa mynasyp boldy.Bäsleşikde birinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Bahargül Kömekowa, ikinji orna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Döwlet Heşdekow, üçünji orna bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Gülşat Ahunowa bilen Türkmenistanyň Içer işler ministrliginiň institutynyň talyby Batyr Ilamanow mynasyp bolmagy başardy.
Bäsleşige gatnaşan TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Sona Halykowa, Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby Zarif Haldarow, şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Kerimberdi Hakberdiýew dagy höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan yglan edilen Sport psihologiýasy — beden we ruhy taýdan kämillige itergi atly bäsleşik hem yglan edilip, bu bäsleşigiň hem ýeňijileri belli boldy.
Uzak aralykdan internet bäsleşigine psihologiýa hünäri boýunça bilim alýan we gyzyklanma bildirýän talyplar gatnaşyp olar öz işlerinde ukyply çagalary sporta ugrukdyrmak, çagalykdan sporta söýgi döretmek, üstünlige itergi bermek boýunça psihologik sowallaryň toplumyny işläp düzmek; Türgende ynamlylygy, maksada okgunlylygy, çözgüt tapyjylygy, tutanýerliligi, çydamlylygy we özdiýenliligi kemala getirmäge ýardam edýän sowallaryň toplumyny işläp düzmek; Sportda aşa tolgunmagy, joşgunlylyk duýgularyny ýeňip geçmek, türgeni ýeňliş ýagdaýyndan çykarmak üçin sowallaryň toplumyny işläp düzmek. Şeýle-de bäsleşige hödürlenilýän psihologik sowallaryň toplumy 50 (elli) soragdan ybarat bolup, umumylykda bir meseläniň çözgüdini açyp görkezmäge gönükdirildi.
Bäsleşigiň eminler toparynyň gutarnykly gelen netijesine laýyklykda, baş baýraga Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby Annagurt Ataýew mynasyp boldy. Bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Bahar Esenowa birinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Sapargylyç Sapargylyjow ikinji, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyby Resul Annalyew bilen Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Enar Amanmämmedowa üçünji orna mynasyp boldy.
Bäsleşikleriň ikisinde hem ýeňiji bolan talyplara mynasyp bolan sowgatlarydyr Hormat hatlary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçiriljek dabarada gowşurylar.