Türkmen diplomaty Osaka prefekturasynyň gubernatory bilen duşuşdy

Türkmen diplomaty Osaka prefekturasynyň gubernatory bilen duşuşdy

Osaka şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Osaka prefekturasynyň gubernatory H.Ýoşimuranyň arasynda duşuşyk geçirildi.

26-njy oktýabrda bolan duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýle hem taraplar üçin amatly wagtda Osaka prefekturasynyň gubernatorynyň Türkmenistana saparyny guramaga türkmen tarapynyň taýýardygy beýan edildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Türkmenistan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy
EKSPO 2025 Bütindünýä sergisinde gurnaljak Türkmenistanyň Milli pawilýony tanyşdyryldy
Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy
Türkmen kompaniýalary “Tourism Expo Osaka 2023” sergisine gatnaşdylar
Türkmenistan EKSPO 2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Milli gününi geçirer