Türkmen diplomaty Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen diplomaty Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy.

14-nji iýulda bolan ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň Prezidenti bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk has-da berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-çeh gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Çehiýanyň Prezidenti motosikl sürýärkä şikes aldy
THÝ-nyň Ohrid şäherine uçar saparlary ýola goýular
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Erdogan Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär
Türkmenistanyň ilçisi Çehiýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy