Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär

Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär

Bitaraplyk syýasaty ümsüm galmagy ýa-da üzňeligi aňlatmaýar, eýsem ol bize işjeň we konstruktiw gatnaşyklary ýola goýmaga ýol berýär diýip, “EU Today” neşiri Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowy sitirleýär.

Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň halkara parahatçylygyny berkitmekdäki roluna bagyşlap geçirýän duşuşyklaryny ýygjamlaşdyrýar. Olar şeýle çykyşlarda barha bölünip barýan, agzalalaşýan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetini wagyz edýärler. Ýöne Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ýakyndan yzarlaýan ýerli synçylar şeýle wagyzlaryň, aýdylýan sözler amal edilýän işler bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň kontekstinde ynandyryjy subutnamalar bolandygyny aýdýarlar.

26-njy martda Brýusselde Ýewropa Parlamentiniň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň bilelikde guramagynda “Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplygyň orny” atly ýörite maslahat geçirildi.

Pälwanow maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň “oňyn bitaraplyk” syýasatyny wagyz edip, onuň sebitde we dünýäde parahatçylygy ileri tutmakda, ynanyşmagy berkitmekde möhüm rol oýnandygyny ileri sürdi, öz ýurdunyň gyzgyn nokatlara, şol sanda Owganystana we Ukraina iberen ynsanperwer ýardamlaryna ünsi çekdi.

Döwletleriň arasynda köpri’?“Türkmenistanyň kabul eden bitaraplyk ýörelgesi güýçli, işjeň we öňdengörüji pelsepe bolup durýar döwletleriň arasynda köpri, parahatçylyk platformasy we barha bölünip barýan dünýäde ynanyşmagy ýola goýmagyň guraly bolup durýar” diýip, “Eurasia Review” neşiri türkmen diplomatynyň Ýewropa Parlamentinde geçirilen ýörite maslahatda aýdan sözlerini sitirleýär.

Ol öz çykyşynda Russiýanyň Ukrainada alyp barýan çozuşyna-da salgylanyp, Türkmenistanyň bu meselede iki tarap bilen hem özara düşünişmek syýasatyny alyp barýandygyny, şeýle hem ukrain tekeleçileri üçin Türkmenistanyň öz gapylaryny açandygyny we ukrain tarapyna gumanitar ýardamlaryň iberilendigini belledi.

“Muňa garamazdan, türkmen hökümeti henize çenli, iň bolmanda dilden bolsa-da, rus we ukrain taraplaryna resmi “dialog üçin münber hökmünde” Aşgabady hödür etmediler” diýip, ýurduň daşary syýasatyny ýakyndan yzarlaýan ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri örän seýrek hem bolsa Ukrainada barýan gapma-garşylyklara salgylanýar, Türkmenistan iki ýyl ozal, Russiýa-Ukraina urşunyň birinji ýyl dönüminiň yz ýany, ukrain çagalaryna niýetläp, haýyr-sahawat ýardamlaryny iberdi.

Muňa garamazdan, bu çaknyşyk ýurduň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde we elektron neşirlerde asla agzalmaýar.

Pälwanow 21-nji martda Brýuselliň Erkin uniwersitetinde hem talyplar bilen duşuşyp, türkmen bitaraplygynyň aýratynlyklaryny wagyz etdi.

Ol bu çykyşda, beýleki meseleler bilen bir hatarda, Aşgabatda açylan öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mahabatlandyryp, ilkinji gezek ol merkeziň anyk bitiren işi barada gürrüň berdi. Ol Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky serhet dawalaryny çözmekde bu merkez tarapyndan iki ýurt bilen dialogyň alnyp barlandygyny belledi.

Türkmen metbugaty täjik-gyrgyz çaknyşyklary barada hem asla dil ýarmady.

“Ynanyşmak artykmaçlyk däl, eýsem, ol biziň [adamzadyň] aman galmagymyz üçin zerurlykdyr” diýip, ýewropa neşirleri türkmen diplomatynyň aýdan sözlerini sitirleýär.

Türkmenistan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly yglan etdi” şeýle-de dekabrda özüniň halkara Bitaraplyk hukuk durumynyň 30 ýyllygyny bagyşlap, iri halkara maslahatynyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

“Türkmenistan üçin, Bitaraplyk diňe bir hukuk durumy däldir. Ol halkara gatnaşyklara parahatçylykly, işjeň çemeleşme bolup durýar” diýip, “Eurasia Review” neşiri beýleki bir türkmen wekilini, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygyny sitirleýär.

'Howaýy gürrüňler'“Bu taglymatlar iş ýüzünde howaýy gürrüň’ bolmakdan aňry geçip bilmeýär” diýip, ýerli synçy, halkara gatnaşyklar hünärmeni Azatlyk Radiosyna iberen teswirinde aýdýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki çeşmeler özleriniň hem howaýy gürrüňler barada aýdylýan teswirlere ynanýandyklaryny aýdýarlar.

“Muňa mysal edip, şu ilçiniň geçiren duşuşygy barada resmi türkmen saýtlarynda berlen maglumaty getirmek bolar.Hatda şol saýtlarda berlen resmi habarda-da sebit we dünýä üçin wajyp bolan rus-ukrain konflikti agzalmaýar, ýogsa türkmen diplomaty ahyrsoňy şol meseläni gozgady, hut şunuň ýaly täjik-gyrgyz gapma-garşylygy barada hem ne bu çäre baradaky habarlarda, ne umuman türkmen metbugatynda ýekeje-de habar berilmedi” diýip, Daşary işler ministrliginiň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýewropa Parlamentinde geçirilen ýörite maslahat barada diňe “Turkmenportal” we “Orient” neşirleri habar berdi, ýurduň döwlet media serişdeleri bu çäräni agzamady, hatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasy hem Ýewropa Parlamentinde geçirilen ýörite maslahat barada kelam agyz habar bermedi.

“Ýöne [Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk durumy] öz ýany bilen käbir jogapkärçilikleri hem getirýär” diýip, Ýewroparlamentde geçirilen maslahata gatnaşan slowakiýaly akademik, Slowakiýanyň prezidentiniň hukuk geňeşçisi professor Miroslav Slastan nygtaýar.

“Bitarap ýurt islendik usul bilen islendik gapma-garşylyga gatnaşmaly däldir we NATO ýaly harby ýaranlyklara goşulmaly däldir” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ynanyşmak 'meselesi'Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ýakyndan synlaýan synçylar, halkara gatnaşyklar boýunça hünärmenler türkmen resmileriniň soňky wagtlarda iri platformalarda şeýle meseleleri gün tertibine getirip başlamaklaryny, belli bir derejede, Azatlyk Radiosynda we garaşsyz neşirlerde ýurduň daşary syýasaty barada çykýan maglumatlara türkmen resmilerini tarapyndan berilýän jogap hökmünde häsiýetlendirýärler.

“Ýöne näme üçindir şeýle mazmunly çykyşlar Brýusselde edilýär, Aşgabatda türkmen jemgyýetçiliginiň öňünde edilmeýär” diýip, ýerli synçy sorag berýär.

“Hut şu ýagdaý türkmen režiminiň, ilkinji nobatda öz halky bilen arada “ynanyşmagy, açyk dialogy ýola goýmalydygyny görkezýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýerli synçylar türkmen häkimiýetleriniň öz halky bilen arada, bir-birek bilen arada ynanyşmagy ýola goýup bilmändigini aýdýarlar.

Olar hut şol ynanyşmagyň bolmazlygy sebäpli, Türkmenistanyň hatda goňşy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hem özara wizalary aýryp, göni uçar, otly gatnawlaryny dikeldip bilmeýändigini aýdýarlar.

Muňa garamazdan, türkmen režimi, hem ýurt içinde, hem ýurt daşynda ynanyşmagy wagyz edýär diýip, synçylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär
Hökümetçi neşirler daşary ýurtlarda bolup geçýän 'negatiw wakalara' ýygy-ýygydan ünsi çekip başlady
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Diňle: Gonamçylygyň ýoluny abatlamaga niýetläp, ýokary synp okuwçylardan pul ýygnalýar
Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşiginiň finalçylary kesgitlenildi
Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler