Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde suwy rejeli peýdalanmak bilen bagly ylmy maslahat geçirildi

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde suwy rejeli peýdalanmak bilen bagly ylmy maslahat geçirildi

Şu gün — 22-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Klimatyň üýtgemeginiň çygrynda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy atly ylmy maslahat geçirildi. Bu barada TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň geňeşçisi Magtymguly Akmyradow alyp bardy.Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Senkler MakGregor, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktorynyň orunbasary Serdar Eýeberenow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Esmail Ebrahim Zadeh, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi Dastan Suleýmenow, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň Taslamalar departamentiniň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhammedow hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Türkmensuwtaslama institutynyň Gidrotehniki we suwulanyş barlaghanasynyň müdiri Georgiý Kurtowezow dagy çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda suwy ulanmak bilen bagly global meseleler, sebitde suw üpjünçiliginiň häzirki ýagdaýy, Türkmenistanda suwy tygşytly ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Ýene degişli makalalar

ÝHHG tarapyndan Aşgabatda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuw geçirilýär
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl
Türkmenistanyň ÝHHG-ä agzalygynyň 30 ýyllygy iri maslahat bilen bellenildi
Türkmenistan we ÝHHG-nyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR