twitter.com/MFAgovge-niň fotosy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Gürjüstana resmi sapara bardy.
Meredow 17-nji iýulda Gürjüstanyň daşary işler ministri Mihail Janelidze bilen duşuşdy. Gepleşikler wagtynda ykdysady hyzmatdaşlyk meselesine, şol sanda Günorta Kawkaza transport koridoryny ösdürmeklige, söwda we syýahatçylyk meselelerine aýratyn üns berildi diýip, “Грузия Online” neşiri habar berýär.
Türkmenistan transport, energiýa we tranzit proýektlerini ösdürmekde hakykatdanam örän uly rol oýnaýar diýip, Janelidize belled.
Türkmenistanyň delegasiýasyny ýurduň prezidenti Georgiý Margwelaşwili hem kabul etdi. Taraplar duşuşykda söwda-ykdysady we energiýa hyzmatdaşlygyny öüdürmek meselelerine seretdiler.
Mundanam başga, Gürjüstanyň premýer-ministri Gerorgiý Kwirikaşwiliniň golaý wagtda Türkmenistanda resmi saparynyň planlaşdyrylýandygy mälim boldy.