Türkmen dili ençeme müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň milli dili bolup durýar.Häzirki döwürde edebi dilimiz Magtymguly Pyragy atamyzyň döwründe kemala gelip başlaýar we häzirki döwre çenli sünnälenip kämilleşýär.
Bu dil türki dilleriň oguz dilleri toparyna degişli bolup durýar we Eýranda, Owganystanda, Türkiýede, Garagalpagystanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Stawropol ülkesinde, Astrahan oblastynda bölekleýin ulanylýar.Türkmen dili türki dilleriň arasynda iň baý dilleriň biri hasaplanýar.
Muňa ene dilimizde ýazylan Görogly, Gorkut ata şadessanlary, köpsanly halk döredijiligindäki ajaýyp eserlerdir, poemalar we halkyň kalbyndan orun alan şygyrlar güwä geçýär.Türkmen dili diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, gündogaryň beýleki halklarynyň hem bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.
Diňe türkmen halkynyň şahyrlarydyr ýazyjylary däl-de, eýsem, beýleki ýurtlaryň nusgawy şahyrlary hem türkmen dilinde eserler döredipdirler we halk köpçüligine hödürläpdirler.Muňa mysal edip, müsürli şahyr Saif Saraýi tarapyndan ýazylan Gülüstan bit-türki dessanyny almak bolar.
Türki dilleriň etimologik sözlügi kitabynyň awtory professor Erwand Wladimirowiç Sewartýan ýazuw çeşmeler we dürli şiweler türkmen diliniň esasy baýlygy diýip belläp geçýär.Türkmen diliniň baý sözlüginden peýdalanyp, türkmeniň nusgawy hem ençeme manyly we mazmunly, çeper we publisistik eserler ýazylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk bagtymyz atly kitaby hem milli buýsanjymyz hem baýlygymyz bolan türkmen diliniň döwlet dili derejesine eýe bolmagy bilen bagly gymmatly maglumatlary hem özünde jemleýär.Bu kitapda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny, buýsançly Baýdagy, owadan Tugrasy ýaly, mähriban halkymyzyň dili hem bahasyna ýetip bolmajak hazynamyzdyr.
Dilde halkyň ruhy ýaşaýar.Belent ruhumyzyň, beýik galkynyşlarymyzyň nyşany bolan, dürli öwüşginlere baý ene dilimize buýsanmak, ony ylmy esasda öwrenmek, ýaşlarymyzda ösen dil medeniýetini kemala getirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen dilini ösdürmäge, has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär.Biz ylym-bilim işgärlerine işlemäge, halal zähmet çekmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun.Alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!Gülşirin Çarygulyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy. /* custom css */ .td_uid_15_67388b7c30b50_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67388b7c30b50_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }