Ýakynda Türkiýäniň Ankara şäherinde X halkara türk dili gurultaýy geçirildi.Dört ýyldan bir gezek geçýän gurultaýa dünýäniň 21 döwletinden türkolog alymlaryň 170-e golaýy ýygnandy.Oňa Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Nazarow hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň dilçi alymlary gatnaşdylar.
Gurultaýyň bölümlerinde türki dilleriň häzirki ösüş ugurlary, dilleri öwrenmegiň we öwretmegiň usullary, düzülýän dürli ugurly sözlükler bilen baglanyşykly ylmy çykyşlar edildi hem-de bu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Gurultaýa gatnaşan türkologlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy redaksiýasy bilen neşir edilen iki jiltli Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň we Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň düzülişi barada sowal-jogap alyşdylar. Şu ugurdan ýaş türk alymlarynyň türkmen sözlükleriniň derňewine diýseň uly höwesiniň bardygy bellärliklidir.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda şu ýylyň sentýabr aýynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasy tarapyndan esaslandyrylan Türki dünýäniň ýeke-täk elipbiýini döretmek baradaky toparyň 3-nji mejlisinde latyn elipbiýine esaslanýan 34 harpdan ybarat umumytürki elipbiý barada gazanylan ylalaşygyň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Bellenilişi ýaly, 34 harpdan ybarat umumytürki elipbiýiň her harpynyň türki dillerde bar bolan dürli fonemalary görkezýändigine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, umumytürki elipbiýiň döredilmegi diňe bir türk halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, bu halklaryň dilleriniň goralmagyna hem goşant goşar.
Şeýle-de gurultaýyň dowamynda 21-nji awgusty bütin dünýäde Türki diliň güni diýip yglan etmek barada durmuşa geçirilmeli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.