6-njy maýda RF-nyň Stawropol ülkesiniň Edelbaý obasynda türkmen diasporasy Magtymguly Pyragynyň 295 ýyllygyny belledi. Bu barada Ставропольская Правда neşiri habar berýär.
Bu obada türkmen diasporasynyň kowçum bolup ýaşaýandygy we 2008-nji ýylda beýik türkmen şahyrynyň bürünç heýkeliniň oturdylandygy habar berilýär.
Magtymgulynyň doglan gününň bellenen obasyna şol gün bir ýarym müň myhman geldi. Bu obada jemi 1230 adam ýaşaýar we olaryň 1181-isi türkmen bolup durýar.
Şahyryň heýkeline gül çemenlari goýuldy, spektakl görkezildi, konsert berildi, futbol boýunça ýaşlaryň arasynda bäsleşik, at çapyşygy guraldy.