3-4-nji oktýabrda Bişkek şäherinde Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň dialogynyň ikinji mejlisi geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň başlyklyk etmeginde geçirilen foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Jokorku Kengeşi habar berdi.
Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk: Merkezi Aziýa sebitinde we Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde zenanlaryň orny atly forumda milli Parlamentiň wekilleri sebitde parahatçylygy, abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ähmiýeti, zenanlaryň milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gatnaşygy, zenanlaryň hukuk kepillikleri we durmuş ýeňillikleri barada çykyş etdiler.
Forumyň dowamynda sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde zenanlaryň ornuny güýçlendirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, jemgyýetiň durnuklylygyny berkitmek we durnuksyzlyk töwekgelçiligini peseltmekde gender çemeleşmeler, gender çemeleşmeleri babatynda serhetüsti suw çeşmelerini dolandyrmak üçin innowasion çözgütler barada çykyşlar diňlenildi hem-de degişli ugurlar boýunça pikir alyşmalar boldy.