Türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasy

18-nji iýulda Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.Onuň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň wajyp meselelerini öz içine alýan maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşy diňlenildi.

Gahryman Arkadagymyz däp bolşy ýaly, her ýyl agzybir halkymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşy alýandygyny belledi. Çünki bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, bu mejlisde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris, şeýle hem häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de düzümini tassyklamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda degişli resminamalaryň kabul ediljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan ugurlar barada aýtdy.

Şeýle-de, Milli Liderimiz ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky maglumatlary hem-de geljek üçin mümkinçilikleri açýan beýleki habarlary, ol maglumatlar esasynda teklipleri, garaýyşlary gysga wagtda işläp taýýarlamalydygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işleriniň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilendigini aýdyp, Milli Liderimiz ýaşulularyň bu ugurda alnyp barylýan işlere doly girişip, olaryň birnäçe asylly, döwletli işleri alyp barýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Mundan beýläk hem ýaş nesilleriň aladasy edilip, olar goldaw-hemaýat bilen gurşalar we çagalaryň bähbitlerinden ugur alnyp, asylly işler döwlet derejesinde dowam etdiriler. Şunda hormatly ýaşulularymyzyň türkmeniň asyl ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlaryna, alyp barýan işlerine ýokary baha berýäris. Şol maksatlar bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek barada netijä geldik diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Şu mejlise geňeşiň agzalarynyň çagyrylandygyny, olaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça teklipleri taýýarlandyklaryny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri geňeşiň agzalarynyň Arkadag şäheri we ol ýerde gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işi bilen içgin tanyşmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli işler barada çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe söz berdi.

Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy häzirki döwürde “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgäni esasy ugur edinýän döwlet syýasaty netijesinde, adamlaryň döwrebap ýaşaýşy, öndürijilikli zähmeti üçin amatly şertleriň döredilendigini belläp, şunda ýurdumyzyň syýasy-hukuk, guramaçylyk we dolandyryş mümkinçilikleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilendigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlygyň çäklerinde guramaçylyk topary bilen bilelikde utgaşykly işleri ýola goýup, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümler bilen ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini nygtap, K.Babaýew şunda degişli seljermeleri, teklipleri taýýarlamak we mejlisiň gün tertibini, onda kabul ediljek resminamalaryň taslamalaryny tassyklamak boýunça degişli çäreleriň, duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşy diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini aýratyn belledi. Şunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşasalar-da, Garaşsyz Türkmenistanyň gazananlaryny halkara derejede wagyz edýändiklerini, dürli ugurlardaky dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny hem-de her ýylyň sentýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli birleşigiň maslahatlaryny geçirip, alyp baran işleriniň jemini jemleýändiklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz bu guramanyň alyp barýan işleri hem-de birleşigiň maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat bermek üçin Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarowa söz berdi.

R.Bazarow çykyşynda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň we öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä derejesinde giňden ykrar edilýändigini nygtady. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Häzirki wagtda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň gün tertibiniň taýýarlanylýandygyny, ýörite meýilnama laýyklykda, daşary ýurtly wekilleriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli guraljak medeni çärelere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň işjeň öwrenilýändigini we olar boýunça zerur tagallalaryň edilýändigini nygtap, R.Bazarow hasabatyny jemledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.Ol Prezidiumyň mejlisinde Milli Liderimiziň aýry-aýry pudaklara uly üns berendigini, şol sanda bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag we beýleki ulgamlar boýunça möhüm wezipeleri kesgitländigini belledi.

Bu maksatlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ösdürer diýip, daşary işler ministri ýurdumyzda alnyp barylýan taryhy işlere, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşly raýatlaryň gatnaşýandyklaryny aýtdy.Bu jebisligiň, agzybirligiň, bitewüligiň nyşanydyr.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň örän oýlanyşykly çözgütleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işlere şu günden başlap ýokary derejede, guramaçylykly girişiljekdigine ynandyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyzyň ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere buýsanyp, döwletimiziň beýik geljegine uly ynam bilen garap, jebislikde, agzybirlikde zähmet çekýändigini bellemek bilen, Mejlisiň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň ýurdy dolandyrmak meselelerinde toplan baý taryhy tejribesini, milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meselelere ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly maslahatlaşyp çözmek baradaky başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini uly buýsanç bilen nygtady.

Şeýle-de, ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Milli Liderimiziň il içinde abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, hormatly atlary dakmak boýunça degişli işleri geçirmekde öňde durýan wezipeleri kesgitländigini belläp, bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün ediljekdigini aýtdy.

Soňra mejlis Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygy, Hormatly il ýaşulusy G.Ataýewiň çykyşy bilen dowam etdi.Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli mejlisi geçirip, taryhy söz sözlemek bilen, möhüm ähmiýetli wezipeleri kesgitländigini belledi. Şol wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary halkyň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini geçirdiler we şunda uly mümkinçilikleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Gahryman Arkadagymyz çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, öňde boljak şanly seneler mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işleriniň ýola goýulmalydygyny belledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde-de uly wezipeleriň durýandygyny belläp, Halk Maslahatynyň Mejlis, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, Diýarymyzda alnyp barylýan özgertmeler syýasatyny has-da çuňlaşdyrmak bilen, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly işleri alyp barmalydygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň we beýleki wekilçilikli edaralaryň öňünde durýan wezipeleriň şu ýylyň aprelinde geçirilen mejlisde kesgitlenendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak babatda netijeli işleri alyp barmagyň esasy wezipeler hökmünde kesgitlenendigini aýtdy.

Biz geljekde-de dürli ugurlarda alyp barýan özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin teklipleriň üstünde işlemeli. Şunda iň esasy maksat ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini jemledi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GARŞYLAMAK UGRUNDA
Akylly şäherler geljegiň şäheri
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY HALK MASLAHATYNYŇ PREZIDIUMYNYŇ MEJLISINI GEÇIRDI
Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy