20-nji martdaky wideoşekilli iş maslahatynda türkmen resmileriniň Ýaponiýa saparyny taýýarlamak barada maslahat edildi. Delegasiýa agzalaryna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi pata berdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, saparyň dowamynda Ahal welaýatynda gurlan benzin öndürjek gaz-himiýa toplumynyň goýberiş-sazlaýyş işleriniň barşyny, zawodyň açylyş dabarasyny geçirmek, bu toplumyň ikinji zawodynyň taslamasyny düzmegiň we doly taýýar edip gurmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Ýatladýarys, bu zawody 2018-nji ýylyň dowamynda açmagy niýet edinipdiler.
Mundan başga, Ýaponiýanyň Sumitomo kompaniýasynyň Galkynyş gaz käninde işlemek üçin turbalary we beýleki önümleri getirmek boýunça şertnamany maliýeleşdirilmegi, Ýaponiýanyň beýleki işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy barada maslahat ediler.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmengaz döwlet konserniniň ýolbaşçysy Myrat Arçaýewe Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Kawasaki Heavy Industries Co. Ltd, Mitsubishi Corporation, Toyo Engineering Co. Ltd., Sojitz Corporation kompaniýalarynyň, şeýle hem Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş edarasynyň (NEXI), Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) we Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirmegi tabşyrdy.
boýunça görkezmeleri berip, ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatyny döwrebaplaşdyrmaga, gaznebithimiýa senagatynyň täze, ýokary tehnologiýaly desgalaryny gurmaga abraýly öňdebaryjy işewürler düzümleriniň işjeň gatnaşmagynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Bulardan başga, döwlet baştutany delegasiýanyň agzalaryna Tokioda Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini maliýleşdirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşmagy tabşyrdy. “TOPH gazgeçiriji taslamasynyň amala aşyrylmagy babatda Ýaponiýanyň maliýe düzümleri we kompaniýalary bilen gatnaşyk etmek geljegi uly ugur bolup görünýär” diýip, türkmen döwlet habar gullugy prezidentiň sözlerini getirýär.
Şeýle-de, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň we Senagat we aragatnaşyk ministrliginiň Türkmenawtoulaglary agenliginiň başlyklaryna ýapon kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşmak tabşyryldy.