Türkmen daýhanlary pagta ekmek üçin sanly tehnologiýalary işjeň ulanýarlar

Türkmen daýhanlary pagta ekmek üçin sanly tehnologiýalary işjeň ulanýarlar

Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekilip, ondan bol pagta hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, gündogar sebitiň ähli etraplarynda örän jogapkärli möwsüm geljekki bol hasylyň ykbalyny kesgitleýän gowaça ekişi guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki döwre çenli welaýat boýunça jemi gowaça ekilmeli ýeriň 80 göterimine golaý ýerde ýokary hilli ekiş geçirilmegi we bu işiň ýokary depginde dowam etdirilmegi, lebaply hasyl ussatlarynyň bu möhüm çäräni ýakyn wagtlarda tamamlajakdyklaryna şaýatlyk edýär.

Ekiş möwsüminde Monosem kysymly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan takyk ekijiler, şeýle hem ekijileriň kämil görnüşleriniň 400-e golaýy netijeli ulanylýar.

Welaýatda ekiş möwsümi üçin ýokary hilli gowaça çigidiniň ýeterlik mukdarda taýýar edilmegi, bu möhüm çäräni bökdençsiz dowam etmäge şert döredýär.Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda gowaçanyň ýokary hasyl berýän, welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyklyk gelýän Ýolöten-39, Ýolöten-7, S-2606 görnüşleri ekilýär we olardan ýokary hasyla garaşylýar.

Bulardan başga-da, Saýat etrabynda ýerleşýän ylmy-önümçilik synag merkezinde gowaçanyň Ýolöten-50, Ýolöten-53 we Garaşsyzlyk ýaly sortlarynyň synag üçin ekilmegi welaýatda synag-tejribe işleriniň hem giňden alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

Bu jogapkärli möwsümde welaýatyň Halaç, Saýat, Kerki, Dänew we Çärjew etraplarynyň oba hojalykçylary has-da tapawutlanýar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişine girişildi
Garagum etrabynyň gallaçylary 44 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnamagy maksat edinýärler
Sebitlerde öýjükli aragatnaşygyň hili ýaramazlaşýar, Internetiň tizligi pes bolmagynda galýar
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Dalaşgärleriň dykgatyna!
Türkmenistanyň Prezident oba hojalyk meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi