Türkmen çeper filmleri Ýewraziýa halkara film festiwalynda görkeziler

2430-njy noýabrda Gazagystanyň Almaty şäherinde XVII Ýewraziýa halkara film festiwaly geçiriler.Bu sungat baýramçylygy Merkezi Aziýanyň hem-de türki dünýäsiniň baý kinematografiýa däplerini şöhlelendirjek meýdança öwrüler. Üstümizdäki ýylda bu festiwala 8 ýurt Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Täjigistan, Türkiýe, Tatarystan we Saha Respublikasy gatnaşar.

Bu festiwala Türkmenistanyň kinorežissýorlarynyň surata düşürilen çeper filmleri hem gatnaşar.Olaryň hatarynda belli türkmen režissýory S.Baýramowyň Beýik Watançylyk urşy ýyllary baradaky “Daragt” filmi hem görkeziler. Şeýle hem festiwalda Özbegistan bilen Türkmenistanyň bilelikde surata düşüren Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini açyp görkezýän çeper film hem kino tomaşaçylaryna hödürlener.

Bu film golaýda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen “Gorkut ata” halkara festiwalynda hem görkezilipdi.Gazagystanaky halkara kinofestiwaly Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrligi tarapyndan guralýar.Onuň guramaçylaryň biri hem “Gazakfilm” milli kinostudiýasydyr. /* custom css */ .td_uid_15_6741c5f0cf8c9_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6741c5f0cf8c9_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Daragt atly türkmen filmi Ýewraziýa kinofestiwalynyň maksatnamasyna girizildi
22-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen filmi XVII Çeboksary halkara film festiwalyna gatnaşýar
16-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Daragt halkara kinofestiwalyň baýragyna mynasyp boldy
Hatyra baglanşygy: Gurbannazar Ezizowa bagyşlanan edebi-sazly duşuşyk