Oba hojalyk önümlerini öndürijilerden satyn alynýan hasyl Türkmenistanyň Döwlet azyk senagaty birleşiginiň kabul ediş taýýarlaýyş nokatlaryna getirilýär, bu ýerde ýylda elli müň tonna golaý üzüm gaýtadan işlenilýär. Çakyr ýasaýan kärhanalar Aşgabatda, Gökdepede, Änewde, Ýolötende, şeýle hem Mary welaýatynyň Tagtabazar we Lebap welaýatynyň Garabekewül etraplarynda ýerleşýär. Olarda ýerli çig maldan çakyrlyk material alynýar, köp ýylap saklamak üçin konýak spirti goýulýar.
iki ýüze golaý at bilen çakyrdyr konýak öndürilýär. Däp bolşy ýaly, köpçülikleýin üzüm ýygymyndan ozal döwlet birleşiginiň laboratoriýalarynda çakyrlyk dürli görnüşli miweler bişenligi, himiki düzümi we süýjüligi babatda barlagdan geçirildi.
topragynyň toprak-howa şertleri üzümçiligi ösdürmäge we çakyrdyr konýakdan başga-da, şirelri, mürepbelri, üzüm çigidinden bejeriş häsiýetli ýaglary öndürmäge mümkinçilik berýär. Ýylsaýyn onuň ekin meýdany artdyrylýar, daýhanlar alymlar bilen bileleşip, onuň täze görnüşlerini almak ugrunda iş alyp barýarlar.
Häzirki wagtda ýurtda ýokary hasylly üzümiň ýüzden gowrak görnüşi ýetişdirilýär, olaryň 70 göteriminden çakyr, 7 göteriminden kişmiş we 23 göteriminden meý alynýar. Üzümiň hiliniň ýokarylygy we işgärleriň ussatlygy bilen türkmen çakyrlary her ýyl abraýly halkara bäsleşiklerinde sylaglara mynasyp bolýarlar.