Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziňgeljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygynyösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.
14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi.Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.
Daşary syýasy derejäniň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” diýen şygar astynda 2020-nji ýylyň dowamynda dürli çäreleriň uly tapgyry geçiriler, şu günki maslahat dabaraly ýagdaýda şolaryň başyny başlady.Paýtagtymyzdaky kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirilen ýokary derejedäki foruma abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň wekilleri, döwletimiziň ýolbaşçylar düzümi, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Myhmanhananyň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasyna we onuň aýry-aýry düzümlerine, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna hem-de tutuş Ýewropa Bileleşigine wekilçilik edýän toparlaryň ýolbaşçylary bilen salamlaşyp, olar bilen şanly wakanyň resmi banneriniň öňünde surata düşdi.Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisler zalyna gelip, bu ýerde ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi.Milli Liderimiz halkara durmuşyň işjeň agzasy hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesinde durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, häzirki döwrüň wajyp meselelerine degişli möhüm halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürýändigini belledi.Şu ýyl ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden bellär.
Bu, hakykatdan-da, wajyp senedir, türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadyr, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdir diýip, milli Liderimiz nygtady.Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň taryhyna ýüzlendi.
Halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň düýpli özgerýän çylşyrymly şertlerinde garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan üçin daşary syýasy ugruny seçip almak esasy meseleleriň birine öwrüldi diýip, milli Liderimiz aýtdy.Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamasyny işläp düzdi.Bu gün türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar.
Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG bu ýerde bitaraplyga mahsus bolan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk babatda amatly şertleri döretmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleri ulanýan Türkmenistanyň goldawyna hemişe bil baglap biler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bitaraplygyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň uludygyna aýdyňlyk bilen şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biragyzdan kabul edilen Kararnamada, hususan-da, bitaraplyk syýasatynyň sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orun eýeleýändigi nygtalýar.Şeýle hem biz ýakynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmegi teklip etdik diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň bu başlangyjyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugruna möhüm ähmiýet berilýändigini, munuň özüniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi, onuň özara peýdaly daşary ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýandygyny belläp, Türkmenistanyň Bitaraplygy şeýle hyzmatdaşlygy haýsydyr bir babatda syýasylaşdyrmakdan saklaýandygyny, biziň daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyza deňhukukly gatnaşyklary üpjün edýändigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara maliýe düzümleri bilen öz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem geçen ýylda biz Bütindünýä söwda guramasyna girmegiň düzgünlerini we ugurlaryny öwrenmek boýunça alyp barýan işlerimizi güýçlendirdik diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň ýerine ýetirilişini şu günki pikir alyşmalaryň meseleleriniň biri hökmünde kesgitledi.Bu babatda hem Türkmenistan şol ugurda toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardyr.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu Gün tertibini doly goldandygyny, Durnukly ösüş maksatlaryna goşulmak boýunça milli derejede yzygiderli we anyk işleri amala aşyrmaga dessine girişendigini nygtady.Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ÝUNESKO-nyň düzümleri, onuň bilermenleri bilen bilelikdäki köpýyllyk işiň netijesinde guwandyryjy uly netijeler gazanyldy.
Häzirki wagtda “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaýyň Parfiýa galalary”, türkmen halkynyň “Görogly” dessançylyk sungaty, türkmen milli “Küştdepdi” aýdym we saz sungaty, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklar we ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýakyn wagtlarda ÝUNESKO bilen bilim, ylym, ekologiýa, sport ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary güýçlendirmegi maksat edinýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllygynyň belleniljek ýylyna parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dünýä bileleşigi boýunça öz dostlary hem-de hyzmatdaşlary bilen özara hormat goýmak we düşünişmek ýagdaýynda gadam basýar.
Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris.Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar, öz üstümize alan halkara borçnamalarymyza berk eýermek bilen, umumy döredijilikli maksatlara ýetmek üçin halkara guramalary bilen giň we işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy belent jogapkärçilik bilen beýan edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.Milli Liderimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra forumyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebitleýin edarasynyň başlygy Aşita Mittal, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň başlygy Swetan Swetkowskiý, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň sebitleýin edarasynyň direktory Ýasuko Oda dagylar çykyş etdiler.Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we halkara bileleşiginiň ähli gatnaşyjylarynyň utgaşdyrylan hereketleri arkaly aýratyn alnan ýagdaýda parahatçylykly ýollar bilen durnuklylygy, ykdysady ösüşi we howpsuzlygy saklamak boýunça global maksatlara ýetmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň özboluşly häsiýeti aýratyn nygtalyp geçildi.“Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynyň barşynda jemi 12 resminama gol çekildi.“Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynyň işi plenar mejlisleri görnüşinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde dowam etdirildi.
Türkmenistanyň Bitaraplygydünýä metbugatyndaMilli Liderimiziň baştutanlygynda geçirilen “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly maslahat halkara metbugatynda giňden beýan edildi.Iri halkara agentlikleri we meşhur internet saýtlary bu barada aýtmak bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly ýörite Kararnamany kabul edendigini we onuň ýurdumyza dünýä tejribesinde ilkinji gezek halkara-hukuk derejesini berendigini belleýärler.Şeýle hem köpsanly daşary ýurt neşirleri Maslahatyň çäklerinde 2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň BMG-niň wekilhanalary bilen hyzmatdaşlygy boýunça Iş meýilnamalaryna gol çekilendigini habar berdiler.
Taraplar çaga hukuklary, gender deňeçerligi, ýaşlaryň reproduktiw saglygy we beýleki ugurlar boýunça kanunçylyk binýady ösdürmek babatda özara gatnaşyklara meýillidiklerini mälim etdiler.Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly maslahat barada aýdyp, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny nygtaýarlar.