Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň täze taryhy şöhratly işlere, belent derejelere beslenýär.Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ajaýyp wakalara, ösüş-özgertmelere şaýat bolýar, her bir toý-baýramy agzybirlikde giňden belläp geçýär.
Eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy uludan dabaralandyrylar.Bitaraplyk baýramy naýbaşy seneleriň biri. Ählimize mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy yglan edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldady. Şeýlelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Kararnamasynyň ikinji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýynyň ýokarydygyny, parahatçylygy ýaýbaňlandyrmak ugrundaky tagallalarynyň dünýä ýüzünde goldanylýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy bu türkmen halkynyň öňden gelýän milli ynsanperwer däpleriniň mazmunynyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr, parahatçylygyň we ynanyşmagyň rowaçlanmagydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy ykrarnama eýe bolýan ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hil taýdan täze derejä çykdy.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti has-da artdy.
Halkara ýagdaýlara oňaýly täsir ýetirýän türkmen Bitaraplygy ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi.
Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan paýhasly daşary syýasaty netijesinde ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, daşary syýasatda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar.
Dürli döwürlerde türkmenleriň parahatçylyk ýollaryny ulanyp, iň kyn meseleleri hem çözendiklerini bellemek bolar.Gahryman Arkadagymyzyň Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy atly eserinde belleýşi ýaly, türkmenler öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasyny ulanypdyrlar.
Hut şu eserde Şükür bagşynyň öz doganyny sazyň güýji bilen ýesirlikden boşadyşy beýan edilýär.Bu hem halkymyzyň parahatçylyksöýüjilikli ýörelgeleriniň özboluşly dabaralanmasydyr.Hindistanyň paýtagty Deli şäherindäki ajaýyp köşgüň derwezesiniň Türkmen derwezesi diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýerden däldir.
Ol türkmenleriň ata-babalarynyň iki dostlukly halkyň arasyndaky medeni-edebi gatnaşyklary ösdürmekde bitiren uly hyzmatlarynyň özboluşly subutnamasy hökmünde häzirki günlerde hem goralyp saklanylýar.Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Konstitusiýamyzyň 1-nji maddasynda öz beýanyny tapandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda konstitusion kanunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň gelip çykyşy boýunça ykrar edilendigi, görnüşi boýunça hemişelikdigi, ýagny wagt bilen çäklendirilmeýändigi, manysy boýunça oňynlygy, netijeliligi berkidilendir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat ugruny, halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegini, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň goldanylmagyny, döwletler arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyny üpjün edýän işjeň halkara hyzmatdaşlygy aňladýar.
Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, şeýle hem hyzmatdaşlyga ýurtlaryň we sebitleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garamak esasynda ösdürýär.Geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemek göz öňünde tutulýar.
Bu bolsa döwletimiziň parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk, açyklyk syýasatyny tutuş dünýäde dabaralandyrar.Dünýä ýüzünde türkmen halkynyň mertebesini has-da belende götermegiň ugrunda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlarynyň, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Gözel UZBEKOWA, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy. /* custom css */ .td_uid_15_67598115ead43_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67598115ead43_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }