Türkmen bilermeni: Owganystanda guruljak kanal regionda suw meselesini çylşyrymlaşdyrar

Türkmen bilermeni: Owganystanda guruljak kanal regionda suw meselesini çylşyrymlaşdyrar

Owganystanda gurulýan kanal we onuň goňşy ýurtlara ýetirip biljek täsiri barada diskussiýalar dowam edýär. Bilermenler Koştepa kanalynyň işe girizilmegi Amyderýanyň resurslaryna agram bolup, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar.

Türkmenistanly gidrogeologiýa boýunça bilermen "Bu mesele däl, eýsem betbagtçylyk bolar" - diýýär. Azatlyk bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen bilermeniň pikiriçe, Türkmenistanyň we Özbegistanyň oba hojalygyndaky suw ýetmezçiligi baradaky sanlar, hususan-da, suwaryş möwsüminde uly suw ýetmezçiliginiň ýüze çykyp biljegini çak etmäge esas berýär. Kanalyň gurulmagy bilen, Amyderýänyň suwunyň 12-15% azalan halatynda suw ýetmezçiligi häzirki derejeden 50% güýçlenip biler.

"Bu, hakykatdanam uly howp. Diňe suwuň azalmagy sebäpli däl, başga-da köp faktor bar we olar bilelikde suw meselesiniň hasam agyrlaşmagyna getirip biler" - diýip, türkmen bilermeni aýtdy.

Owganystanda gurulýan Koştepa kanaly Türkmenistan bilen serhetleşýän Jowzjan we Farýab welaýatlaryndan geçer. Taslama laýyklykda, suw howdanynyň uzynlygy 285 km, ini - 100 metr, çuňlugy - 8 metr bolmaly. Talybanyň ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti, Amyderýanyň suwuny öz oba hojalygy üçin ulanmak isleýär.

Owgan hökümeti kanaly bäş ýylyň içinde gurmagy, şu ýylyň ahyryna çenli 100 kilometrlik bölümini tamamlamagy planlaşdyrýar. "Talyban" hökümeti, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän Balh welaýatynda Koştepa kanalynyň gurluşygyna başlandygyny 2022-nji ýylyň 31-nji martynda habar berdi.

Amyderýa, Türkmenistanyň oba hojalygy zerurlyklaryny suw bilen üpjün edýän esasy çeşmedir.

Bu aralykda, ýylsaýyn agyrlaşýan suw ýetmezçiligi ýylboýy duýulýar we oba hojalygyna hem ilatyň durmuşyna täsir ýetirýär. Amyderýanyň suwunyň ýetmezçiligi Garagum kanalyna hem täsir ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň magumatlaryna görä, şu günler Garagum kanalynyň boýunda ýerleşýän ýaşaýyş ýerlerde suwaryş üçin ýeterlik suw ýok we güýzlük ekilen ekinler guraýar.

"Garagum kanalynyň suwy Bereket etrabyna ýetip gelmeýär.Güýzlik ekilen bugdaý we sogan, sarymsak ýaly ekinler gurap galdy we daýhanlaryň bir ýylky azabyny ýakdy.Ekin meýdanlary suwsuzlykdan tozap ýatyp.

Garagum derýanyň we bereket suw bekediniň içinde bir damja suw ýok" diýip, habarçymyz Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Uzynsuw, Ýasga, Çitli we Akjaguýma daýhan birleşikleriniň ýagdaýy barada 30-njy martda gürrüň berdi.

Olar Garagum kanalynyň iň soňky nokady bolan ýerde ýerleşýär.

Şu günler bu regionda howa gyzyp, +30° +35° ýetýär.

Türkmenistanyň hökümeti "Talyban" tarapyndan Owganystanda gurulýan Koştepa kanalynyň gurulmagy we munuň regiona berip biljek netijeleri barada resmi düşündiriş bermeýär.

Bu aralykda, goňşy Özbegistan kanalyň gurluşygynyň bolup biljek ýaramaz netijelerini aç-açan ara alyp maslahatlaşýar. Şu ýylyň 22-nji martynda Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ýygnakda "Talyban" hereketiniň wekilleri "Özbegistan bilen özara düşünişmek esasynda" Koştepa kanalynyň gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdiler. Şol bir wagtyň özünde resmi Daşkent kanalyň gurluşygynyň halkara hukugy esasynda amala aşyrylmalydygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Amyderýa basseýninden suwy sebit ýurtlarynyň arasynda paýlamak usuly, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda suwdan peýdalanmagyny düzgünleşdirýän 1987-nji ýylda gol çekilen Daşkent şertnamasyna esaslanýar.

Kanalyň gurluşygynyň döredip biljek netijelerine degişli käbir sanlar podrobno.uz neşirinde çap edildi. Ekologiýa boýunça bilermen Natalýa Şulepinanyň pikiriçe, 2018-nji ýylda bolan guraklyk ýaly ýagdaý gaýtalansa, kanalyň açylansoň 33 kub kilometrlik Amyderýanyň akymy 28.5 - 29-a çenli, ýagny 12-13% azalar. Netijede, Türkmenistanda we Özbegistanda Amyderýanyň orta we aşaky akymlarynyň suwy azalýar.

Türkmenistanly gidrogeologiýa boýunça bilermeniň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, suwdan peýdalanmak meselesini çözmekde özara şertnamalara esaslanmaly we taslamalar halkara bilermenleriniň barlaglary esasynda amala aşyrylmaly.

"Owganlar özbek hünärmenlerini diňlemeseler, şorlanmagy sebäpli köp ýerleri ýitirerler, sebitimiziň mysallaryndan Howuz Han massiwi ýitdi. Ony dikeltmek üçin köp pul, suw we wagt sarp edildi we henizem hasyllylygy doly dikeldip bolmady. Umuman aýdanyňda, Koştepa şol bir "inçe ýerleri" we göz öňünde tutulýan uly suw ýitgileri bilen Garagum kanalyna meňzeýär" diýip, türkmen bilermeni belleýär.

Merkezi Aziýa agyr suw ýetmezçiligi başdan geçirilýär.

IA-Centr.ru web sahypasynda Hytaýyň Şanxi welaýatynyň Demirgazyk-Günbatar A&F uniwersitetiniň we Hytaýyň Suw serişdeleri ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, berilýän maglumata görä, Hytaýa garanda, Täjigistan guş toplumynyň zerurlygy üçin suwundan 61 esse aşa peýdalanýar, Özbegistan maldarçylyk üçin 10 esse köp suwy harç edýär, Türkmenistan bolsa pagta önümçiliginde Hytaýdan 42 esse köp suwy ulanýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň (FAO) habaryna görä, Merkezi Aziýada mesele suwuň ýetmezçiliginde däl-de, eýsem suwuň paýhasly ulanylmagynda. Sebäbi Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw baýlyklarynyň ätiýaçlyklary ýeterlik bolup, adam başyna 2,3 müň m3-den düşýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Talyban’ astyndaky durmuş: Etniki türkmenleriň Koştepa kanaly bilen bagly gorkulary we umytlary
Paýtagtlylar Aşgabat kanalynyň suwunyň azalmagyna alada bildirýär
Lebabyň käbir sebitlerinde gowaçanyň birinji ýuwuş suwlary entegem tutulmady
Guşgy derýasynyň suwy joşdy, ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetdi
Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
Türkmenistan “Talybana”: Serhetaşa derýalar boýunça halkara hukugynyň kadalary berjaý edilmeli