Türkmen bedewiniň şanyna: baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi

Şu gün aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta künjegindäki dag eteginden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça däp bolan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, şeýle hem Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde behişdi bedewleriň şanyna giň gerimli dabaralar guralýar.

At çapmagyň ussady, Türkmenistanda atçylyk sportunyň ösdürilmegine ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy netijesinde ýurdumyzyň ajaýyp atşynaslyk däplerini saklamak we dowam etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyna, seýisçilik sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň howandarlygynda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek we işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de Halkara karantin merkeziniň açylmagy milli atşynaslyk we seýisçilik däpleriniň ösmeginde möhüm orun eýeledi.

Bu merkezler ahalteke bedewleriniň iň şöhratly görnüşleriniň sanawuny düzmek, olaryň dünýä atşynaslygynyň ösmegine goşan goşandyny, gelip çykyşyny we beýleki maglumatlary özünde jemleýän gollanmalary taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Şeýle hem behişdi bedewleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Ahalteke bedewleri çapylýan atlaryň iň gadymylarynyň we owadanlarynyň biri bolup durýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny saklamak hem-de dünýä medeniýetiniň wajyp bölegi hökmündäki derejesini berkitmek meselelerine yzygiderli üns berýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde, her ýylda guralýan sergiler we bäsleşikler pederlerimiziň asylly işleriniň özboluşly dowamy bolup durýar.Olar şunuň ýaly usullar arkaly tebigy şertlerde uzak aralyga çapmak we dürli howa şertlerini ýeňip geçmek ýaly çydamlylyk derejesini kesgitläpdirler.

Türkmen atlary döwlet birleşiginiň guramagynda geçirilen bu gezekki uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine ýurdumyzdan we daşary döwletlerden bedew muşdaklarynyň köp sanlysy gatnaşdy.Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine, Halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty atly XI Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar. ...

Bäsleşige badalga berilmeginiň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan folklor çykyşlary we estradaçylaryň, bagşylaryň hoş owazly aýdymlary uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine gatnaşyjylarda hem-de oňa tomaşa edýänlerde ýakymly täsirler galdyrdy. Çäräniň dabaraly bölümi tamamlanandan soň, awstriýaly baş emin Markus Mak Hubmann uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine badalga berdi. Ýelden ýyndam ahalteke bedewleri özleriniň asman bedewleri diýen adyna kybap gelmek bilen pellehana tarap okgunly çapdylar.

Bäsleşigiň ugry her biri 30 kilometr bolan iki tapgyrdan düzüldi we Köpetdag şaýolunyň ýakasy bilen gumaksy ýoldan geçýär. Ýaryşa bedewleriň otuza golaýy gatnaşdy.Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda, Milli atçylyk sport merkezinde, Türkmen atlary döwlet birleşiginiň welaýatlardaky athanalarynda hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň athanalarynda seýislenýän bedewler bar.

Bu ýaryşda bedewler diňe bir ýyndamlyk däl, eýsem, öz çydamlylygyny hem görkezmeli bolar. Çapyşyk wagtynda bedewler iki gezek lukmançylyk gözegçiliginden geçdi.Kada görä, olaryň görkezijisi ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelmelidir.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi halkymyzyň ganaty hasaplanylýan bedewleriň beden taýýarlygyna, çydamlylygyna, çapyksuwarlaryň ussatlyk derejesine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.Uzak aralyklara çapýan bedewler milli seçgiçileriň we seýisleriň öz işine yhlasynyň aýdyň görkezijisidir.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde bolar.Günüň ikinji ýarymynda köp sanly adamlar we paýtagtymyzyň myhmanlary Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň açyk manežiniň ýanyna ýygnandy.

Bu ýerde sportuň olimpiýa görnüşleriniň biri hasaplanylýan päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşlar guralýar.Ahalteke bedewleri sportuň bu görnüşinde oňat netijeleri görkezýär.Bäsleşige bedewleriň ýigrimiden gowragy gatnaşdy.Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň we Atçylyk sporty merkeziniň atlary bar.

Kanadaly hünärmen Stefan Fransis Bukman ýaryşlaryň baş emini boldy.Iki tapgyrda geçirilýän şu günki bäsleşikleriň tertipnamasyna laýyklykda, çapyksuwar 11 päsgelçilikden geçmeli. Şolaryň beýikligi birinji tapgyrda 1 metr 10 santimetrden 1 metr 15 santimetre çenli.

Ikinji tapgyrda bolsa 1 metr 20 santimetrden 1 metr 30 santimetre çenlidir, ikinji tapgyrda has az jerime alanlar we ähli bäsleşikleri ýokary tizlikde geçen bedewler ýeňiji hasaplanylýar.Bu bäsleşik çapyksuwarlaryň bedewlere erk etmek sungatyna bolan ussatlygyny we bedewleriň päsgelçiliklerden geçen derejesini hem-de şeýle ýagdaýda tizligini artdyrmaga bolan ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda sungat ussatlarynyň arasynda bäsleşik geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýlelikde, günüň ikinji ýarymynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi merkezinde suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, bezegçileriň we teleoperatorlaryň arasynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda, neşirýat önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň çeper keşbini döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Bäsleşigiň we päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşlaryň ýeňijileri Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli öňde boljak dabaralaryň dowamynda yglan ediler hem-de halkymyzyň mirasyny giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşanlara degişli baýraklar gowşurylar.

Türkmen halky at çapyşyklaryna aýratyn gadyr goýupdyr hem-de bedewleriň seýisçiligine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşipdirler.Gadymy çeşmelerde at seýislemegiň usullarynyň Ýewropa ýurtlaryna hem hut şu sebitden geçendigi baradaky maglumatlar bar.

Häzirki döwürde daşary ýurtlarda türkmen seýisleriniň tejribesine uly gyzyklanma bildirilýär we oňa daşary ýurtly hünärmenler uly üns bilen ýüzlenýärler. Ýurdumyza daşary döwletlerden köp sanly bilermenleriň, atşynaslaryň, belli alym-ippologlaryň, işewür düzümleriň wekilleriniň, dünýäniň dürli ýurtlaryndan ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan adamlaryň gelmegi behişdi bedewlere bolan ählumumy gyzyklanmalaryň ýokarydygynyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, olaryň dykgatyna diňe bir bedewleriň beden taýýarlygy baradaky maglumatlar däl, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, aýawly saklanýan milli seýisçilik usullary ýetirilýär. Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, Halkara sergi-ýarmarkasy we Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty atly XI Halkara ylmy maslahat ýaly iri çäreleriň geçirilmegi hut şu maksatlary nazarlaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk babatda taryhy tejribäniň iş ýüzünde öwrenilmegine ünsi çekip, milli seçgiçilik-tohumçylyk işini häzirki zaman usullary ulanmak arkaly ylmy esasda has-da giňeltmegiň, ýurdumyzda at çapyşyklarynyň, atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň işjeň ösdürilmeginiň we onuň sportuň olimpiýa görnüşleriniň halkara ulgamyna goşulmagynyň wajypdygyny yzygiderli belleýär.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň atşynaslyk babatdaky oňyn tejribelerini nazara almak bilen, daşary ýurtly bilermenler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şeýle hem iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde olar bilen tejribe alşylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelýän myhmanlar ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek hem-de ony wagyz etmek, ahalteke atşynaslygy babatdaky şöhratly däpleri saklamak we dowam etmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýärler.

Baýramçylyk mynasybetli geçirilen döredijilik hem-de sport bäsleşikleri türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär we häzirki döwürde tutuş dünýäni haýrana goýýan hem-de asylly däpleriň dowam etdirilmeginde ähmiýetli bolan şanly senäniň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli atşynaslyk däplerini ösdürmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli işleriniň aýdyň nyşany bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistan iri halkara atşynaslyk merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar we müňýyllyk däplere daýanmak arkaly bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar.

Ýene degişli makalalar

24.04.2019 | Türkmen bedewiniň şanyna: baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi
“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok
Beterbiýew Brauny ýeňip, WBC we IBF boýunça çempionlygyny gorady
HDB-niň saýlawdan öňki kampaniýasy
Audi 2033-nji ýyla çenli benzin hereketlendirijilerinden doly ýüz öwrer
ABŞ-nyň Florida ştatynda çöken bina sebäpli ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi