Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Şu gün — 23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Onuň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, dabaranyň dowamynda eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdi. Şunlukda:

— haly eserini döretmek boýunça Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew Halkyň Arkadagly zamanasy, Asyrlaryň aňyrsyndan görünýän türkmen taryhy, Şagadam atly haly eserleriniň toplumy bilen;

— zergärçilik eseri boýunça Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Möwlamberdi Annaýew At şaý-sep toplumy atly eseri bilen;

— surat eseri boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň binagärlik kafedrasynyň mugallymy Batyr Soltanow Türkmen bedewi atly nakgaşçylyk eseri bilen;

— heýkel eseri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nury Sary adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Patdyk Patdykow Galkynyş topary: Akhan, Kanun, Ruhubelent atly heýkel toplumy bilen;

— neşir önümi boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hoşgeldi Garajaýew Kanunyň portreti atly fotoişi bilen;

— teleoperatorçylyk işi boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Türkmen owazy teleradioýaýlymynyň teleoperator bölüminiň teleoperatory Baýmuhammet Gylyjow Gözel bedewler atly wideoşekili bilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardylar.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Ýylyň türkmen edermen alabaýy belli boldy
Akhan Ýylyň türkmen edermen alabaýy adyna mynasyp boldy
Akhan Ýylyň türkmen edermen alabaýy adyna mynasyp boldy
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda