Türkmen bedewi we alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygydyr

21-nji aprelde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy.Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binanyň toý bagyny kesdi.Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň merkeziniň binalar toplumy açyldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň gurluşy we üpjünçiligi, hünärmenleriň netijeli işlemegi hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Binanyň birinji gatynda muzeý ýerleşdirilip, onda tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we özüniň ajaýyp häsiýeti bilen ýurdumyzyň çäkleriniň daşynda hem meşhurlyk gazanan alabaýlaryň özboluşly heýkelleri we olaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan nakgaş eserleri, ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň şekilleri çitilen halylar görkezilýär.

Bu ýerde hünärmen muzeý gymmatlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaýy goşgusynyň hala çitilen nusgasy muzeýiň görnükli ýerinde goýlupdyr. Şeýle hem muzeýde oturdylan ýörite monitorda Arkadag Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany hökmünde alabaý köpegini sowgat berýän görnüşlerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Şol gün milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri we abadançylyk arzuw edip, rus kärdeşine Wepaly atly alabaýy sowgat beripdi. Şol pursatlarda, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleri gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň wepaly hemrasy we dostudyr.

Wepaly atly alabaýyň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir.

Bu ýerde milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň ozalky Hökümet baştutany D.Medwedewe sowgat beren alabaýy, bu türkmen itiniň Russiýanyň tebigatyna, onuň howa aýratynlyklaryna tiz uýgunlaşandygy barada gürrüň berýän wideoşekiller hem görkezildi. Şeýle hem ady rowaýata öwrülen Akhanyň täze dünýä inen taýy bolan Aşgabat atly taýçanak, onuň ösüşi, özboluşly beden gurluşy barada gürrüň berýän wideoşekilleriň görkezilmegi, bu ýerde guralan dabarany täze mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň kitaphanasy bilen tanyşdylar. Bu ýerde şöhratly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewlerine we türkmen alabaýlaryna bagyşlanan eserleriň giň toplumy bar. Hususan-da, kitaphanada hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize we edermen alabaýlarymyza bagyşlanan kitaplary aýratyn orun eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, bu eserler dünýäniň dürli dillerinde terjime edilip, halkara ähmiýetli kitaplara öwrüldi.

Merkeziň maslahatlar zaly we ýöriteleşdirilen otaglary häzirki zaman talaplary nazara alnyp, maksadalaýyk enjamlaşdyrylyp, bu ýerde mejlisleri, beýleki çäreleri hem-de halkara häsiýetli forumlary geçirmek, şol sanda onlaýn tertipdäki halkara duşuşyklary, ähmiýetli maslahatlary guramak, olary sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde netijeli iş alyp barmak, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryndan peýdalanmak üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň mejlisi

Merkeziň maslahatlar zalynda Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, assosiasiýanyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem assosiasiýanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky we daşary ýurtlardaky agzalary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow mejlisi açyp, hemmeleri Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gyzgyn gutlady.

Assosiasiýanyň başlygy mejlisiň gün tertibini yglan edip, şu gün bu halkara guramanyň işi bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny belledi.Onuň düzümine täze agzalar kabul ediler, ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglary gowşurylar. Şeýle hem Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň indiki mejlisiniň geçiriljek ýeri we wagty kesgitlener hem-de öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar, degişli çözgütler kabul ediler.

Türkmen alabaýlary boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de bu itleri saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň tagallalaryny bir ýere jemlemek maksady bilen, ýurdumyzda Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Şonuň bilen birlikde, gysga wagtyň içinde bu abraýly guramanyň türkmen agzalary bilen bilelikde, daşary ýurtly agzalarynyň sany artyp, halkara derejä eýe boldy.

Häzirki wagtda assosiasiýanyň 11 sany döwletden jemi 191 fiziki we ýuridik agzalary bolup, olaryň sany yzygiderli köpelýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän hemaýat-goldawlarynyň netijesinde, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny gorap saklamak, ösdürmek, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini alyp barmak we geljekki nesillere ýetirmek, şeýle hem ýaşlara türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň at gazanan itşynasy, Türkmenistanyň halk itşynasy diýen hormatly atlar döredildi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramyny bilelikde geçirmek bellenildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli her ýylyň aprel aýynda türkmen alabaý itleriniň arasynda Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek karar edildi diýip, S.Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, geljekde bu itleri köpeltmek, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýä ýüzünde giňden wasp etmek boýunça biziň öňümizde birnäçe jogapkärli wezipeler durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek, türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmak, kämilleşdirmek hem-de ylmy taýdan düýpli öwrenmek, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlygy türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen beýleki meselelere geçmek bilen, Serdar Berdimuhamedow guramanyň Tertipnamasynda Assosiasiýanyň başlygy we Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasary diýen sözleri Assosiasiýanyň Prezidenti we Assosiasiýanyň wise-prezidenti diýen sözler bilen çalyşmak boýunça Tertipnama üýtgetmeleri girizmek, şeýle hem Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň guraýan halkara bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly medaly döretmek boýunça teklipleri öňe sürdi.

Foruma gatnaşyjylaryň ses bermekleriniň netijesinde, bu teklipler biragyzdan goldanyldy.

Hormatly atlar dakyldy

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi.Ol Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli has tapawutlanan atşynaslara we itşynaslara Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa seýsi, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy hem-de Türkmenistanyň at gazanan itşynasy diýen hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny okady.

Mynasyp bolan sylaglaryny uly buýsanç, egsilmez tolgunma bilen kabul edip, olar zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar we mundan beýläk-de bu asylly işe mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň at gazanan itşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady.

Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna döşe dakylýan nyşan we şahadatnama gowşuryldy.

Serdar Berdimuhamedow özüniň alyp barýan işine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Geljekde hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, dünýä ýüzünde türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça assosiasiýanyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde gijämizi gündiz edip, bu halkara guramanyň agzalary bilen bilelikde ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra Medeniýet ministrliginiň esasy hünärmeni, Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň agzasy Agamyrat Baltaýewe söz berildi.Soňky ýyllarda Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän gadymy Paryzdepe ýadygärliginiň çäklerinde türkmen alabaýynyň antik döwre degişli heýkeljikleri tapyldy.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň Beýik Seljuklar zamanasyna degişli kerpijiň ýüzüne basylan yzlary, Gökdepe etrabyndaky Şährihaýbar ýadygärliginden Tazyguýruk nagşy çekilen küýze bölegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky Ýasydepe ýadygärliginden türkmen alabaýynyň X asyra degişli heýkeli ýüze çykaryldy.

Mundan başga-da, nepis sungat bolan türkmen halysyna çitilýän Güjük yzy nagşy ylmy taýdan öwrenilip, ol baradaky maglumatlar Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Türkmeniň nusgalyk alabaýy atly täze döredilen žurnalynyň ilkinji sanynda ylmy dolanyşyga girizildi.

Golaýda türkmen alabaýlaryna degişli ýene bir etnografiýa barlagy geçirildi hem-de täze ylmy açyşlar edildi.Has takygy, türkmen haly we dokma sungatynda duş gelýän gadymy nagyşlaryň biri bolan It ýatak nagşynyň taryhy yzlary ýüze çykaryldy.

Bu täsin nagşyň iň gadymy nusgasynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki Pessejikdepe ýadygärliginde ýüze çykarylan ybadat otagynyň diwaryna çekilen suratda duş gelýändigi anyklanyldy.Mälim bolşy ýaly, Pessejikdepe arheologiýa ýadygärligi Jeýtun medeniýetine, has takygy, biziň eýýamymyzdan öňki VII-V müňýyllyklara degişlidir.

Pessejikdepe dünýäniň sungaty öwreniş ylmynda diwaryň ýüzüne çekilen iň gadymy awçylyk pursadyny beýan edýän nakgaş eseri bilen meşhurdyr.Hut şeýle mazmunly diwara çekilen surat eseri Türkiýäniň Çatalhöýük ýadygärliginde hem duş gelýär. Ýöne Pessejikdepedäki surat eseri has gadymydyr hem-de köp reňk öwüşginliligi bilen mesaňa tapawutlanýar.

Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow manyly çykyşy üçin A.Baltaýewe sagbolsun aýdyp, foruma sanly ulgam arkaly gatnaşýan Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň prorektory, weterinariýa ylymlarynyň doktory, professor Murat Kibara söz berdi.

Murat Kibar hemmeleri ýetip gelýän Türkmen alabaýynyň baýramy, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň häzirki zaman merkeziniň açylmagy bilen gutlady.Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredilenden soňra, geçen gysga wagtyň içinde giň gerimli işler ýerine ýetirildi.

Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek Ýylyň türkmen edermen alabaýy halkara bäsleşigi geçirildi.Murat Kibar assosiasiýanyň ähli agzalaryna asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň agzasy, hususy itşynas Mekan Gurbandurdyýew hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, gadymy däp-dessurlaryny hem-de medeniýetini gaýtadan dikeltmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, häzirki we geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Узбекский волкодав tohumlaryny gorap saklamak boýunça jemgyýetiniň başlygy, Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň agzasy Akobir Şukurow sanly ulgam arkaly çykyşynda bu assosiasiýanyň işiniň daşary ýurtly itşynaslarda uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy.

Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr: edermen türkmen alabaýy özüne mahsus aýratynlyklary bilen iň nusgalyk, dünýäde has köp ýaýran tohumlaryň biridir, onuň meşhurlygy barha artýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň itşynaslygyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň işine mynasyp baha berilmegi itşynaslyk hünäriniň abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Akobir Şukurow bu assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edip, türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmak hem-de dünýädäki şöhratyny belende götermek boýunça alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Kawkaz itleriniň janköýerleri jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ilham Gazimzade sanly ulgam arkaly çykyş etdi.Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet derejesindäki milli mirasy gorap saklamaga gönükdirilen işleriň ähmiýetini nygtady.

Merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi bu babatda möhüm waka boldy.Ilham Gazimzade türkmen alabaýlarynyň janköýerleriniň ählisiniň adyndan milli Liderimize bu guramanyň işine berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin çäksiz hoşallyk bildirdi hem-de şu günki maslahata gatnaşyjylary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady we olara öz işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Prezidenti Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly medaly döretmek hakyndaky, Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasyna täze agzalary kabul etmek hakyndaky, şeýle hem assosiasiýanyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek hakyndaky Kararlara gol çekýär.

Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy mejlisi jemläp, hormatly Prezidentimize guramanyň netijeli işlemegine döredilen mümkinçilikler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.Serdar Berdimuhamedow assosiasiýanyň agzalarynyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynam bildirip, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatdaky işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

The post Türkmen bedewi we alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygydyr appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy
Türkmenistan milli gymmatlyklarynyň düzümlerini giňeldýär
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen...
Russiýanyň futbol ýygyndysy Türkmenistanyň gatnaşjak halkara ýaryşynda çykyş etmegi ahmal KHBS
Kuraş boýunça Dünýä çempionatynyň taryhy