Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamwedow Ministrler kabinetiniň mejlisinde, işde goýberen “düýpli kemçilikleri” üçin bank ýolbaşçylaryna käýinç yglan etdi.
Käýinç alanlar:
• “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Polat Allagulyýew;
• “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Myrat Arabow;
• “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Gylyçdurdyýew;
• Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow;
• “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Meýlisgeldi Hajyýew;
• “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Gadyrgeldi Müşşikow.
Prezident käýinçleri yglan edip, mundan beýlek hem korrupsiýa we parahorluga garşy barlyşyksyz göreş alyp barjakdygyny, bu belany köki-damary bilen köwläp aýyrmak barada beren wadasyny ýerine ýetirjekdigini nygtady diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti goýumçylaryň we karz berijileriň bähbitlerini goramak maksady bilen, “Prezidentbank” döwlet täjirçilik bankyny “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna birleşdirmek baradaky karara gol çekdi.
Mundanam başga, döwlet baştutany Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe ýerli önümleriň eksportynyň möçberlerini artdyrmak, daşary ýurt walýutasynd agelýän girdejileri artydrmak barada çäre görmegi tabşyrdy.