Türkmen banklary 2023-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda 136 müňden gowrak plastik kart berdiler

Türkmen banklary 2023-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda 136 müňden gowrak plastik kart berdiler

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň iýun aýynyň başyna çenli, şu ýylyň ilkinji bäş aýynda berlen bank kartlarynyň sany 136 müň 959 birlik boldy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň web sahypasynda berilýän maglumata görä, Türkmenistanda işjeň bank kartlarynyň sany boýunça Daýhanbank DTB öňdeligi eýeleýär.

Şeýlelikde, Daýhanbank 1 million 878 müň 547 bank kartyny berdi. Bu görkeziji boýunça ikinji orny Türkmenistan DTB (1 million 33 müň 140), üçünji orny Halkbank PTB (630 müň 60) eýeleýär.

Daýhanbankyň esasan Türkmenistanyň welaýatlaryndaky müşderiler bilen işjeň işleşýändigi bellenilýär. Şeýlelik bilen, bank kartlarynyň köpüsi Mary welaýatynyň (557 müň 368), Daşoguz welaýatynyň (463 müň 484) we Lebap welaýatynyň (420 müň 615) ýaşaýjylaryna berildi.

Şol bir wagtyň özünde, Aşgabatda berlen plastik kartlaryň köpüsi sanawyň beýleki iki öňdebaryjysy — Türkmenistan we Halkbank banklaryna degişli bolup, olaryň görkezijileri, degişlilikde, 480 müň 737-ä we 228 müň 746-a deňdir.

Türkmenistandaky banklaryň 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli berlen bank kartlarynyň sany boýunça tertibi:

Ýene degişli makalalar

Garaşsyz diýarda milli-mirasymyň hormaty atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
Daýhanbank DTB Türkmenistanda hereket edýän bank kartlarynyň sany boýunça öňdebaryjy boldy
Daýhanbank DTB Talyp karzy bank karzyny hödürleýär
DT: 'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
DT: Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasy 75 ýaşady
2023-nji ýylyň iň gowy wideooýunlary saýlandy