Türkmen bakja ekinlerine urugdaş ösümlikleriň arasynda dürli endemikler bar

Awgust aýynda bakja ekinleri köpçülikleýin ýygnalyp başlandy.Bazarlarda datly garpyzlardyr gawunlardan we kädilerden depe emele gelýär.Bu şirin-şeker miweler witaminlere we mikroelementlere baýdyr. Ýurdumyzda gawunyň dürli sortlary ýetişdirilýär.

Alymlar ol dört-bäş müň ýyl mundan ozal ekilip başlanypdyr diýip çaklaýarlar.Gawunlaryň häzirki görnüşleri meýdanlarda gögerýän haşal görnüşlerinden seçgi arkaly alnypdyr, olar häzirem tebigatda duş gelýär.Sortuna we ekilýän ýerine görä, pazylynda agramy 10 kilograma çenli miweleriň ikisinden sekizisine çenlisi ýetişýär.

Görnüş çäklerinde seçgiçiler waharman, bişek, garrygyz, gülaby, gürbek, zamça ýaly dürli görnüşleri bolan gawunlary döretdiler.Gawun gün nuruna baý, yssy howaly, kölegesiz we beýleki ekiinler ekilmýän çägelik ýa-da toýunsow toprakly gurak sebitlerde ýetişdirilýär. Ýerli we daşary ýurt, şol sanda çal wolga, herson, muskat, bylinka, Kuban etegi kädi sortlaryny we datly tagamy üçin halanylýan görnüşiň bir bölegi bolan türkmen kädisini ýetişdirmekde ýetik tejribe toplanyldy.

Azyklyk kädiniň süýri, ak, çal we gawun kädi görnüşleri bar.Ondan şüle taýýarlaýarlar, sykyp şiresini alýarlar, bişirip we ter görnüşinde iýýärler.Kabaçok hem kädilere degişlidir.Olar kadiler maşgalasyndan azyklyk hökmünde ulanylýanlarynyň ujypsyzja bir bölegidir.

Kädilere ýakyn ösümlikleriň 900 töweregi görnüşi bar.Kädiler maşgalasy çygly tropiki tokaýlardan başlap çöllük ýerlere çenli ýaýrandyr.Olaryň tegelek ýa-da köpgyraňly, köplenç ýere ýazylyp ýatan, käte töweregindäki zatlara duymaşýan biýaraly birýyllyk we köpýyllyk görnüşleri bar.

Kädileriň aglaba görnüşiniň gülleri ýiti ysly bolmaýar, olar tozanlandyryjylary ýiti sary gültäçleri ýa-da ultramelewşe şöhleleri gaýtarmak ukyby bilen mör-möjekleriň 150-ä golaý görnüşini bal arylaryny, düz garynjalaryny, arylary we şmelleri özüne çekýärler.

Kädi maşgalalarynyň aglabasynyň wekilleriniň miwesi özboluşlydyr, olara miwepisint kädi diýýärler.Tropiki ýurtlarda kädiniň: telfaýriýa we akantosisios (Afrikada), momordika (Aziýada), gazaply hyýar (Azor adalarynda, Orta ýer deňziniň töwereginde, Krymda, Kawkazda), siklantera (Merkezi we Günorta Amerikada), çaýot (Amerikada, Afrikada) ýaly uruglary giňden ýaýrandyr.

Olar bir-birinden güýçli tapawutlanýarlar, görnüşleri hem üýtgeşikdir.Daglyk ýerlerde duşýan, gaty zatlara duýgur andyz garpyz bilen urugdaşdyr.Ol çalt ösýär we özüne golaý zada berk dolaşyp, ondan asylýar.

Onuň berk perdeli köp sanly çigitleri bolan miwesini haýwanlar iýenden soňam zeper ýetmän galýar we ýene ösmäge ukyplydyr.Türkmenistanda gabat gelýän andyzyň üç görnüşi-de zäherlidir, olaryň biri ak andyz aşgazan-içege ulgamyny bejermekde ulanylýar.

Lagenariýa ýa-da suw kädi hem adaty kädä meňzeşdir.Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilaty bu medeni ösümligi gurandan soň suw, beýleki suwuklylary, meselem, süýt, ýag guýmak üçin ýetişdiripdirler. Çünki, bişenden soň onuň eti çalt guraýar-da, içinde diňe çigidi galýar, daşy bolsa gataýar.

Suw kädisinden saz gurallaryny-da ýasapdyrlar, indi onuň daşyna surat çekýärler.Suw kädiniň uzyn baldaklaryndan sebet ýasapdyrlar, çigidinden bolsa ýag alypdyrlar.Gaty üýtgeşik kädilerem gabat gelýär. Öli deňziň kenarlaryndaky Iýerihon jülgesinde üýtgeşik hyýaryň ýabany görnüşi gögerýär, oňa kryžownik kädisi diýilýär.

Olaryň daşy tikenjikler bilen örtülen miwesi ownuk garala çalymdaş, iýilär, tagamy çala duzlanyp ýapylan hyýara meňzeýär.Afrikada çüýşe kädilerden gap edinýärler we saz gurallaryny ýasaýarlar, Ýewropda bolsa XIX asyrda kädiden ýa-da mal şugundyryndan çyra ýasapdyrlar.

Kädiler maşgalasynda diňe Hindi ummanynyň Sokotra adasynda ösýän hyýar agajyndan başga agaç görnüş

Ýene degişli makalalar

Gurban baýramynyň ýakynlaşmagy bilen bahalar ýokarlanýar
Kädiden taýýarlanýan içgiler
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Sergi merkezinde Serdar şäheriniň nakgaşlarynyň işleri görkezildi
Tomsuň halanýan önümi
Kädi we beýleki ekinler: daşoguzly telekeçiler oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge işjeň gatnaşýarlar