Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi.Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik esasda ýola goýulýan türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirip, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.Iki dostlukly ýurduň Liderleri pursatdan peýdalanyp, bütin musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Oraza aýy mynasybetli ýene-de bir gezek birek-birege gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.