“Türkmenaýnaönümleri” kärhanasy Ukraina düz aýnanyň ilkinji tapgyryny eksport etdi. Mundan başga-da, kompaniýa Russiýa, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Owganystan ýaly ýurtlaryň sarp edijileri bilen uzak möhletleýin söwda gatnaşyklaryny ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda 700 müň inedördül metrden gowrak düz aýna ýurduň daşyna eksport edildi. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydydyr.
Kärhananyň kuwwaty her ýyl 1 million inedördül metr düz aýnany, 100 müň inedördül metr laminirlenen aýnany, 400 müň inedördül metr aýna pakedini we azyk hem-de lukmançylyk pudagy üçin dürli ölçeglerdäki gaplyk çüýşeleriň 15 görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kärhana “HORN Glass Industries AG” kompaniýasynyň awtomatlaşdyrylan önümçilik tehnologiýasy, şeýle hem “Clastone”, “Buhler”, “Zippe”, “Lises”, “Cnud” we “Bottero” ýaly Ýewropa kompaniýalarynyň ýöriteleşdirilen tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Bellenilişi ýaly, şeýle-de zawodda aýna penjirelerinde we fasadlarda oturdylýan bir kameraly we iki kameraly aýna paketleri öndürmek üçin önümçilik enjamlary işledilýär.
2018-nji ýylyň fewral aýynda açylan iri aýna önümçilik zawody Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolup durýar. Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynda ýanwar iýun aýlarynda 90 million manada golaý önüm öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 141,2% ýokarydyr.