Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen Aşgabatdaky sergä gatnaşmaga çagyrýar

Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen Aşgabatdaky sergä gatnaşmaga çagyrýar

Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen ähli isleg bildirýänleri 3 5-nji aprel aralygynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gelip görmäge çagyrýar.

Röwşen HK-nyň diwarlygynda çagalar we ulular üçin owadan hem-de rahat aýakgaplaryň dürli görnüşleri görkeziler. Hödürlenýän önümler nusgawy aýakgaplardan başlap, sport aýakgaplaryna we köwüşlere çenli görnüşleriniň köpdürlüligi bilen müşderileri begendirer. Aýakgaplardan başga-da, Röwşen serginiň myhmanlaryna öndürýän esbaplaryny: ýantorbalary, guşaklary we gapjyklary hödürlär.

Röwşen ýokary hilli we elýeterli aýakgap öndürijisi hökmünde meşhurlyk gazanan we köp ýyllyk iş tejribesi bolan kompaniýadyr.

Röwşen kompaniýasynyň önümleriniň Russiýa Federasiýasyna we Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksport edilýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Röwşen kärhanasy TSTB-niň sergisine gatnaşýar
Röwşen aýakgaplary erkek aýakgaplarynyň ýaz-tomus görnüşlerni hödürleýär
Änewdäki Röwşen aýakgaplary dükany: aýakgaplaryň we aksessuarlaryň giň saýlawy
Röwşen dükanlarynda aýakgaplaryň arzan satuwy dowam edýär
Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
TFÇ ― 2024: Altyn asyr Aşgabady ýeňip, ikinji orna gaýdyp geldi