Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň işiniň netijeliligini bellediler we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmegine ünsi çekdiler. Şu nukdaýnazardan, medeniýet, sungat, ylym we bilim pudaklarynda özara gatnaşyklary has hem giňeltmek mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Duşuşykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler bilen bir hatarda Arkadag şäherinde geçirilen we işjeň türkmen-awstriýa döredijilik gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrülen VI Wena balynyň ähmiýetini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi
Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Palestinaly 110 Ýesir Boşadyldy
Ysraýylly 3 Ýesir Boşadyldy
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti