Türkmen-Awstriýa jemgyýeti 16 ýyldan soň ilkinji gezek Aşgabatda mejlis geçirdi

Türkmen-Awstriýa jemgyýeti 16 ýyldan soň ilkinji gezek Aşgabatda mejlis geçirdi

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň Geňeşiniň we agzalarynyň ýyllyk mejlisi Aşgabatda geçirildi. Bu waka möhüm sepgit boldy. Sebäbi guramany döredileli bäri geçen 16 ýylynda ilkinji gezek şeýle mejlis Wenada däl, eýsem, türkmen paýtagtynda geçirildi.

Bu mejlis jemgyýetiň agzalary bolan Awstriýa kompaniýalarynyň Türkmenistana iş saparynyň çäginde Baş Taglym Türkmen (Baker Tilly) kompaniýasynyň edara binasynda geçirildi. Gün tertibinden orun alan esasy tema Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boldy. Turkmenportalyň habarçysynyň habar bermegine görä, çärä türkmen we Awstriýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda gatnaşyjylaryň ählisi jemgyýetiň başlygy Neda Bergeri ýubileýi bilen mähirli gutladylar we oňa berk jan saglyk, ruhubelentlik we egsilmez gujur-gaýrat arzuw etdiler.

Neda Berger ýagşy arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirdi we özi üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň giriş sözi bilen 4 dilde çap edilen goşgular kitabyny görkezdi. Gurbanguly Berdimuhamedow öz makalasynda jemgyýetiň 16 ýyllyk işine we Neda Bergeriň dostlukly türkmen-Awstriýa gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandyna ýokary baha berýär.

Jemgyýetiň başlygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri barada belläp geçdi. Ol türkmen kompaniýalarynyň örän köp sanlysynyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň bir bölegi bolmak isleýändiklerini, öz gezeginde agzalygyň işewür gatnaşyklary gurmakdan, tejribe alyşmakdan we bilelikdäki taslamalar üçin täze hyzmatdaşlary tapmak mümkinçiliginden ybarat birnäçe artykmaçlyklary berýändigini nygtady.

Soňra gatnaşyjylar öz kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Gyzgyn çekişme wagtynda gurluşyk, lukmançylyk we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birnäçe teklipler we özara gyzyklanma döredip biljek meýiller öňe sürüldi.

Neda Berger 11-12-nji mart günlerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýa amala aşyran sapary mahaly 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek baradaky öňe sürlen ýada saldy. Ýeri gelende bellesek, bu başlangyç Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan hem makullanyldy.

Mundan başga-da, alnyp barylýan işleri has anyk maksatlara ugrukdyrmak üçin jemgyýetdäki türkmen hususyýetçileri bilen Awstriýa kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamak kararyna gelindi.

Jemläp aýdylanda bu mejlis Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täsirli platforma boljak şeýle özara mejlisleri geçirmegiň zerurdygyny ýene bir gezek subut etdi.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Açyk gapylar syýasatyna eýerip
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Ara Güler
BAFTA kino baýragynyň ýeňijileri belli boldy