Türkmen atlaryna degişli käbir maglumatlar:

Nal: atyň toýnagyna kakylýan ýarym aýlaw demir.

Myh: atyň toýnagyna nal kakylanda ulanylýan ýörite ýasalan çüý.

Uýan: atyň kellesine geýdirilýän agyzdyrykly, uzyn goşa gaýyş bagly esbap.

Simtaraş: atyň toýnagyny gyrmak üçin ulanylýan oraga meňzeş ýiti gural.

Dogabag: atyň boýnuna dakylýan ýüzi kümüşli gaýyş ýa-da alaja görnüşli örülen ýüp.

Tekeltgi: eýeriň aşagyndan salynýan ýüzi gaýyşdan, aşagy keçeden edilen ýona.

Gaşaw: atyň endamyny gaşap arassalamak üçin çotga ýaly enjam, at daragy.

Irişme: esasan, atyň kellekisiniň alkym halkasyna baglanýan zynjyr ýa-da ýüp.

Käkil: atyň maňlaýyna dökülip duran ýal.

Akýal: ýaly, guýrugy ak, çypar reňkli at (çypar gyzylymtyl sary, sargylt, sargylt-ak reňk).

Çabdar: aýaklarynyň köp ýeri ak, göwresi gyzylymtyl at.

Gündüşmez: atyň toýnagynyň syrt gapdalyndaky çukanak ýer.

Çakan: kirpikleri sary, çalymtyl-mawy gözli at.

Demirgyr: çalymtyl-gara reňkli at.

Dor at: gyzgylt-mele reňkli at.

Gyr at: çalymtyl reňkli at.

Ýorga: çapuw däl-de, müngi aty, ortaça gezerli at.

Taýpar: ýaňy münüş öwredilen taý.

Ýapaga: ýaşajyk taý.

Gulun: süýt emýän taý.

Taýçanak: bir ýaşynyň içindäki at.

Gunan: iki ýaşan erkek taý.

Dönen: dört ýaşynyň içindäki at.

Bakan: atyň toýnagynyň iç ýüzündäki oýtak ýer.

Sekil: käbir atyň aýaklarynyň dyzyndan aşakdaky ak ýeri.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mediasyna syn
Türkiýe: türkmenistanly çopan başlygyny öldürmekde aýyplanýar
Hakan Fidan grek kärdeşi bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy
Hytaý Borreliň Pekine Gurajak Saparyny Yza Süýşürdi
Gresiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar