Türkmen atlary at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar, Türkmen howa ýollary halkara uçuşlaryň tertibini köpçülige ýetirdi, Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň halkyna gynanç bildirdi

Türkmen atlary at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar, Türkmen howa ýollary halkara uçuşlaryň tertibini köpçülige ýetirdi, Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň halkyna gynanç bildirdi

1. Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, Türkmen atlary Döwlet birleşiginde tölegli esasda ýokary derejeli çapyksuwarlary taýýarlamak okuwlary açylar. Okuwlara 13 ýaşdan kabul edilýär. Okuw maksatnamasyna amaly we nazary sapaklar girýär. Alty aýlyk okuwlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda we Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçiriler.

2. Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi saýtynda Aşgabadyň, Türkmenbaşynyň, Türkmenabadyň howa menzillerinden dürli ugurlara we yzyna halkara howa gatnawlarynyň tertibi köpçülige ýetirildi. Türkmen howa ýollary Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýndaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) dowamly uçuşlary amala aşyrýar. Uçuşlaryň tertibi bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we milli parlamentiň Halk Maslahaty palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Stambul şäheriniň merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatlaryny iberdiler.

4. Ýeňme jemgyýetçilik guramasy çagalaryň arasynda surat bäsleşigini yglan etdi we ýaş suratkeşleri oňa işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik 20-nji noýabrda bellenilýän Bütindünýä çaga gününe bagyşlanýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin çagalaryň çeken suratlaryny Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň salgysyna ugratmaly: Aşgabat, Görogly köçesi, 56-njy jaý.

5. Daşoguz 16-njy noýabrda açyljak türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyny garşy almaga taýýarlyk görýär. Çärä iki döwletiň aýdym-saz we teatr ussatlary, meşhur medeniýet we sungat işgärleri gatnaşarlar. Özbegistanly myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy, ol Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň meşhur ýadygärliklerine amala aşyryljak gezelençleri öz içine alýar.

6. Türkmendemirýollary agentliginiň dolandyryş bölümi Türkmenistanda ýolagçy demir ýol peteklerini railway.gov.tm saýtyndan almagyň mümkindigini ýatladýar. Petekleri otlynyň ugrajak gününden bäş gün öň satyn almak mümkindir. Şeýle hem petekleri resmi ykjam programma arkaly hem satyn alyp bilersiňiz.

7. Marvel kinoäleminiň Gara Pantera: Wakanda ömürlik filmi birinji dynç günlerinde ABŞ-niň 330 million dollaryny toplady. Režissýor Raýan Kugleriň filmi patyşalygyň daşky howplar bilen dowam edýän göreşi barada gürrüň berýär, şeýlelikde, merhum patyşa T’Çallanyň uýasy Şuri Gara Panteranyň keşbinde ýurdy halas etmek wezipesini öz egnine almaly bolýar.

8.Apple kompaniýasy garaşyk giňişlik enjamyny döretmegi meýilleşdirýär we bu taslama gatnaşmaga taýýar hünärmenleri gözleýär.Gürrüň wideo hyzmatlary üçin filmleri wirtual giňişlikde görmäge mümkinçilik berýän enjamy döretmek barada gidýär.

Enjam içinde hem-de daşynda ýerleşdirilen onlarça kameradan ybarat bolar we Mac derejeli M2 çipi bilen üpjün ediler.Maksadyny durmuşa geçirmek üçin Apple programma üpjünçiligi ulgamy boýunça wizual effektler we oýun çeşmeleriniň önümçiliginde tejribesi bolan hünärmenlerden, wirtual we goşmaça giňişlik boýunça inženerlerden hem-de beýlekilerden ybarat bolan ýokary hünär derejeli işgärler toparyny döretmekçi bolýar.

9.Lewerkuzeniň Baýer toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun futbol boýunça dünýä çempionaty 2022-ä gatnaşmak üçin Eýranyň milli ýygyndysynyň gutarnykly düzümine girdi.Ozal Azmunyň şikes sebäpli dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmezligi hakynda habar berlipdi.

Hüjümçi Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda Portu toparyna garşy duşuşygyň öňüsyrasyndaky türgenleşikde şikes alypdy. 27 ýaşly türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy şu möwsümde Baýeriň düzüminde 11 duşuşyga çykdy, emma netije görkezmegi başarmady.

10. Daşkendiň Pahtakor topary 26-njy tapgyrda Bunýodkordan 2:0 hasabynda üstün çykyp, futbol boýunça Özbegistanyň çempiony boldy. Topar bu üstünlige 44 ýaşly tälimçi Maksim Şaskihiň ýolbaşçylygynda eýe boldy. Bäsleşikde ikinji orny Nawbahor, üçünji orny bolsa Nasaf eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy, Çoganlyda täze medeni-dynç alyş seýilgähi peýda bolar, Mejlis hakynda Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi we beýleki habarlar
ÝL çärýek final: Serdar Azmunyň golly pasy Baýeri ýeňlişden halas etdi
Zenitiň Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin
Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi
Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy
Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysy ýerleşdiriler, türkmen kinematograflaryndan ybarat topar Magtymguly hakynda film surata düşürmek üçin Azerbaýjana barar we beýleki habarlar
Türkmenhowaýollary Moskwa gatnawlaryny togtatdy, Lebapda 500-den gowrak ýaş mugallym işe başlar, Türkmenistan Galkynyş gaz känindäki mümkinçiliklerini artdyrýar we beýleki habarlar