Türkmen atçylygy — dünýä metbugatynyň sahypasynda

Türkmenistanyň Döwlet sirki dynç güni nobatdaky möwsümini açdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Diýarymyzda täzeden dikeldilen sirk sungaty soňky ýyllarda ýurdumyzyň medeni durmuşynda hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç alyş günlerinde görnetin hadysa öwrüldi.

Milli sirk mekdebi berkäp, işjeň ösüşine eýe boldy.Biziň sirk artistlerimiz watandaşlarymyzy gyzykly çykyşlary bilen begendirmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara festiwallaryň sylaglaryna hem mynasyp bolýarlar.

Täze möwsümiň ilkinji sirk çykyşyny şüweleňe gatnaşyjylaryň däbe öwrülen ýörişi açdy, olar täsirli çykyşlara garaşýan märekäni mübäreklediler.Sirk toparynyň täze maksatnamasy dürli çykyşlary öz içine aldy. Şolar sazly çykyşlar, howada akrobatika, ekwilibristika we žonglirleme, masgarabazlaryň hem-de dört aýakly artistleriň — enaýy güjükleriň, geçileriň, düýeleriň gatnaşmagynda baş öwretme çykyşlaryndan ybarat boldy. Çykyşlaryň biriniň gahrymanlary ştangaçylar boldular, munuň özi ýakyn wagtda Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna özboluşly bagyşlanma boldy.

Ussatlygy we çakganlygy bilen haýran galdyrmagy dowam edýän jigitleriň çykyşlary, hemişe bolşy ýaly, çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Häzir Türkmenistanda sirk pajarlap ösýän dynç alyş ulgamynda öz mynasyp ornuny eýeledi. Ony diňe çagalar däl-de, eýsem, ulular hem gowy görýärler. Ol dynç almagyň “maşgala” görnüşi bolup durýar, çünki ähli nesilleri bir duýgynyň äleminde birleşdirýär.

Maneždäki çykyşlar jadyly dünýäniň gapylaryny açýar, onda batyrgaýlyk we çeýelik, ajaýyplyk we gözellik, zehin dabaralanýar. Şonuň üçin hem sirkde sungat görnüşinde terbiýeçilik ähmiýeti hem mynasyp orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugur barada aýratyn belläp, onuň milli mirasymyzyň sirk sungatynyň üsti bilen wagyz edilmegi barada aýdýar.

“Galkynyş” hem-de “Türkmen jigitleri” ata Watanymyzyň çäklerinden alyslarda şeýle meşhurlyga eýe boldular.

Geçen dynç günleri Russiýanyň “Zwezda” teleýaýlymynda görkezilen “Sirkiň rowaýatlary” atly meşhur gepleşigiň ýörite sany Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna bagyşlandy.

Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň ýolbaşçysy Edgard Zapaşnyý öz gepleşiginiň gahrymanlary bilen tanyşdyranda, olaryň dünýä sirkiniň we tutuş milletiň — türkmen halkynyň hakyky buýsanjydygyny aýtdy.

Bu gün şu topar dünýäde iň gowy atçylyk sport topary hasaplanylýar. Olaryň abraýly bäsleşiklerde we festiwallarda gazanan sylaglarynyň hatarynda altyn medallar agdyklyk edýär.

Şu ýylyň maýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen “Fontankada” atly I Halkara sirk sungaty festiwalynda gazanylan “Altyn Gaetano” baýragy meşhur toparyň baýraklarynyň üstüni ýetirdi. Bu sylag halkymyzyň dünýäniň esasy arenalarynda Garaşsyz, Bitarap döwletimize mynasyp wekilçilik edýän watandaşlaryna bolan ýürek buýsanjyny nobatdaky gezek artdyrdy.

Türkmen atlylary Russiýanyň demirgazyk paýtagtynda çykyş edip, at üstündäki oýunlary, akrobatiki hem-de gimnastiki tilsimleri, at çapmagyň ussatlyk mekdebi bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdylar. Şeýle-de bolsa, olaryň çykyşlarynda esasy zat tilsimleriň çylşyrymlylygy hem-de çapyksuwarlaryň dogumlylygy däl-de, eýsem, adamlaryň we atlaryň toparynyň jebisligi bolup durýar. Şolaryň hemmesi bilelikde sirk sahnasynda bir bitewi göwre bolup görünýär, şonsuz özüne çekiji gyzykly çykyşlary görkezip hem bolmaz, sebäbi märekäni özüne bendi edýän şol täsirli, emma töwekgelçilikli tilsimler birek-birege doly ynamy hem-de sözüň doly manysynda, dostuň ynamynyň zerurlygyny talap edýär.

Munuň şeýledigine “Sirkiň rowaýatlary” atly gepleşigiň tomaşaçylary hem göz ýetirmäge mümkinçilik aldy. Bu gepleşikde Sankt-Peterburgda geçirilen festiwalda “Galkynyş” toparynyň täsirli çykyşlary görkezildi.

“Sahnada — dogumly ýigitler hem-de iň ýyndam atlar — diýip, synçy teswirleýär. Tomaşaçylar olara arkaýyn seredip bilmeýärler, çünki bu çykyşlar dartgynly ýagdaýy döredýär. Her bir tilsim özboluşly hatarly bolup, şolaryň käbiri akylyňy haýran edýär”.

Mysal hökmünde gepleşikde örän çylşyrymly tärleriň biri görkezilip, ony türkmen atlylary bedewiň çapyp barýan pursadynda eýeriň kemerinden dişleri bilen saklanyp, ýerine ýetirýärler. Şonda çapyksuwaryň bir aýagy aýlaw boýunça çapyp barýan bedewiň astyndaky halkadan asylyp durýar.

At üstündäki oýunlarda täze we täsin galdyrýan çykyşy taýýarlamak örän kyn — diýip, sirk dünýäsinde meşhur neberäniň wekili Edgard Zapaşnyý belledi.Emma “Galkynyş” toparynyň jigitleri örän talapkär märekäni ýene-de täzeden haýran galdyrmagy başarýarlar hem-de muny örän ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.

Mysal üçin, olar entek hiç kimiň görkezip bilmedik tilsimini oýlap tapypdyrlar — çapyp barýan iki atyň aşagyndan geçmek akylyňy haýran edýän tilsim bolup durýar.

Ady agzalan gepleşikde biziň ussat artistlerimiziň çykyşlarynyň özünde galdyran täsirleri bilen “Fontankada” atly I Halkara sirk sungaty festiwalynda alypbaryjy bolan belli aktrisa Kristina Asmus paýlaşdy. Ol gözleri daňlan çapyksuwaryň bedewleriň aşagyndan geçen pursadyna tolgunmak bilen tomaşa edendigini gürrüň berdi. Şunda çapyp barýan bedewiň, onda-da, iki bedewiň güýjüni göz öňüne getirmek üçin bu tolgundyryjy pursady duýmak gerek.

Festiwalda düşürilen filmde märekäniň arasynda “goldaw toparyndan” bolan ýaşlary hem görmek boldy, olar ellerinde ýaşyl baýdaklary galgadýardylar. Watandaşlarymyz, ähtimal, talyplar bu çykyşlary görmäge, öz ildeşlerine ruhy goldaw bermäge gelendir.

Gepleşikde ahalteke bedewlerine aýratyn üns berildi. Olar barada ähli ýerlerde ajaýyp häsiýetlendirmeler bilen gürrüň edýärler. Olary behişdi we ganatly, başy belent, altynsow bedewler diýip atlandyrýarlar.

Ahalteke bedewleriniň şöhratyny goramak we artdyrmak işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa örän uly hyzmatlar degişlidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan atşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz hem-de çapyksuwarlarymyz bolsa, daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň we aýlawlaryň ýeňijileri bolýarlar.

Bu Sankt-Peterburgda hem şeýle boldy, şu ýerde geçirilen halkara festiwal Belgiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Portugaliýadan, Italiýadan Norwegiýadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Keniýadan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden sirk artistlerini bir ýere jemledi.

Okgunly, ajaýyp we owadan bedewler hemmeleri haýran galdyrdylar, olar sahna ýöne ylgap çykman, ilki bilen, ýapyk böwetden böküp geçýärdiler, bu bolsa olaryň hereketini artdyrmaga ýardam edýärdi. Atlaryň bu tohumy dünýäde iň gymmat hasaplanýar, emma türkmen üçin bu bedewler bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr!

Arassa ganly ahalteke bedewleri münülýän atlaryň nusgasy diýlip ykrar edildi, olar bäş müňýyllygyň dowamynda beýleki tohumlar bilen çakyşdyrylman, türkmen seýisleriniň aladasy we zehini bilen öz ajaýyp, gaýtalanmajak gözelligini hem-de güýjüni, çydamlylygyny, ýyndamlygyny saklap galdylar we kämilleşdirdiler.

Gepleşikde bellenilişi ýaly, dünýäde arassa tohumly ahalteke bedewleriniň jemi üç müňüsi bolup, şolaryň ýarysy Türkmenistanda — bu behişdi bedewleriň taryhy mekanynda saklanýar. Her bir şeýle at hakyky baýlyk, aýawly saklanýan milli mirasyň gymmatly bölegidir.

Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzda bellenilýän ähli milli dabaralaryň bezegi bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.Başy belent atlaryň gözelligi we ýyndamlygy, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän türkmen jigitleriniň ussatlygy tomaşaçylary hemişe bendi edýär. Özüne çekiji şüweleňde ahalteke bedewleriniň üstünde ussat çapyksuwarlar at münmegiň gadymy sungatynyň ähli tärlerine eýe bolup durýandygyny görkezip, şolary täze nusgalar bilen baýlaşdyrýarlar.

“Galkynyş” toparynyň bedewleri — bu hakyky tohum atlary bolup, olaryň diňe ajaýyp nesli däl-de, eýsem, Türkmenistanyň Prezidentiniň howandarlygynda hak hossary bar diýip, Edgard Zapaşnyý aýratyn belledi.

“Galkynyş” topary hut milli Liderimiziň başlangyjy bilen at münmegiň, olaryň üstünde dürli oýunlary görkezmegiň halk däplerini ösdürmek maksady bilen döredildi.Toparyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, hut döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen jigitleri halkara giňişlikde uly üstünlikleri gazanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şunuň ýaly aladasy olary has-da netijeli çykyş etmäge, dünýäde ajaýyp ahalteke bedewleri bilen tanyşdyrmakda täze özboluşly çözgütleri we çemeleşmeleri ýadawsyz, döredijilikli gözläp tapmaga ruhlandyrýar.

Ahalteke bedewleri dünýäde nähili gymmat bolsa-da, türkmenlerde bu ajaýyp atlar satylmaýar. Sebäbi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, olaryň gymmatlygynyň hakyky barabar bahasy ýokdur. Türkmenler öz atlaryny dostlugyň we hoşallyk bildirmegiň alamaty hökmünde sowgat berip, ýüregine iň ýakyn hem-de gymmatly zadyna garaýşyny, ony paýlaşmaga taýýardygyny beýan edýär.

Bu baradaky gürrüňimizi dowam edip, türkmenlerde atyň gadymy döwürden bäri güýjüň, tizligiň we argynsyzlygyň, gaýduwsyzlygyň hem-de harby şöhratyň nyşany bolandygyny bellemek gerek. Atyň mizemez keşbi hemişe serkerdeligiň üstünligi, ak at bolsa hakyky beýik ýeňşiň nyşany bolupdy. Şähere ak atyň üstünde girmegiň ajaýyp ýeňşi gazanandygyňy aňladýandygy hasaplanandygy ýöne ýerden däldir.

2010-njy ýylyň 9-njy maýynda Moskwada geçen dabaraly ýöriş mahaly Gyzyl meýdandan görkezilen wideoşekillere ajaýyp ahalteke bedewinde, ýagny ady rowaýata öwrülen marşal G.Žukowyň 1945-nji ýylda uzak garaşdyran Ýeňiş ýörişini kabul eden atynyň nesliniň üstünde türkmen atlysy hem gepleşige girdi.

Gyzyl meýdandan ýöriş sazynyň mukamy astynda halkyň söýgüsini gazanan gahryman goragçy meşhur “Görogly” eposyndaky at kimin biziň Gyratymyz ajaýyp we dürs hereketler bilen geçdi. Bu pursatlary ýatlap, “Galkynyş” toparynyň ýolbaşçysynyň beren interwýusynda şol wagt şeýle täsin at üçin iki million dollar hödür edendikleri, isleg bildiren alyja üýtgewsiz jogabyň: biziň atlarymyz satylmaýar diýip aýdylandygy bellenildi.

Gyzyl meýdandan Ýeňiş ýörişinde üstünde ildeşimiz oturan Gyratyň buýsançly ýörişiniň tomaşaçylarda beýan edip bolmajak şatlyk döredendigi geň däldir. Bu pursatlary synlanlaryň köpüsi Türkmenistana, onuň halkyna we medeniýetine, bu ajaýyplygy — ahalteke tohumyny döreden halka bolan tüýs ýürekden we hakyky gyzyklanmany oýaran ýatdan çykmajak sowgada öwrülendigini beýan etdiler.

Ýurdumyzyň öňe tarap mizemez hereketiniň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewi ýeňiş gazanmagyň hem-de täze beýik özgertmelere tarap ymtylyşyň, ösüş, parahatçylyk we döredijilik baradaky maksatlara beslenen hyzmatdaşlygyň alamaty hökmünde ençeme gezek biragyzdan ykrar edildi.

...Gepleşik “Galkynyş” toparynyň döreýşi we kemala gelşi hakynda gürrüň bilen dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu topar üçin öz athanasyndan iň gowy bedewleri — ahalteke tohumynyň saýlama atlaryny berdi. Çünki wezipe diňe gyzykly çykyşlar üçin oňat topary düzmekden däl-de, eýsem, at çapmagyň iň gowy däplerini aýawly saklamakdan hem-de nesillerimize ýetirmekden, ahalteke bedewiniň ajaýyplygyny we gözelligini tutuş dünýä görkezmekden ybaratdy.

Diýmek, topar hem dünýäde iň gowy topar bolup, meşhurlyga eýe bolmalydyr.

Häzir bu zatlar biziň atlylarymyzyň tagallalary hem-de döwlet Baştutanymyzyň olara hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde gazanyldy.

Haýwanlara baş öwredip gelýän nesliň wekili Edgard Zapaşnyý örän täsirli tälimleriň birini ýerine ýetirmäge synanyşdy. Ony “Galkynyş” toparynyň çykyşlarynda ajaýyp bedew ýa-da ýanyp duran bedew diýip atlandyrylyşy ýaly, Kanun atly bedew örän täsirli görkezýär.

Tälim berijiniň at bilen synanyşygy başa bardy, emma ol bedewiň ýanynda eýesiniň bolandygy sebäpli mümkin boldy. At öz eýesine ynanýar hem-de özdiýenli häsiýetine garamazdan, oňa gulak asýar.

Türkmen jigitleriniň baý mazmunly çykyşlarynda bolsa şeýle tälimleriň ençemesi bar. Olar çapyp barýan atyň arkasyna bökmek, olaryň üstünde akrobatik piramidalary düzmek, okdurylyp barýan atyň aşagyndan geçmek hem-de kemeri dişläp, öz agramyňy saklamak ýaly tilsimlerdir. Şolaryň hemmesi örän töwekgelçilikli tälimlerdir, emma topar ýetilen sepgitde saklanmakçy bolmaýar. Geljekde täze, özboluşly çykyşlary we tilsimleri döretmek hem-de işläp taýýarlamak meýilleri bar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” toparynyň taryhy hem-de dünýä şöhratynyň belentliklerine okgunly çykmagy bu zatlaryň mümkindigini tassyklaýar. Topar ilkinji üstünligini 2013-nji ýylda geçirilen “Idol” atly sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda gazandy, şonda biziň ussat çapyksuwarlarymyz bu festiwalyň ýeňijileri bolup, uly seslenme döretdiler.

Ýeňijileriň belleýşi ýaly, şol üstünlik olaryň özleri üçin hem garaşylmadyk waka öwrüldi, olar “altyn” barada pikir hem etmändiler, diňe özlerini halkara sirk bileleşigine ilkinji gezek görkezmek isläpdiler. Hut “Idol” olara beýleki sirk festiwallaryna ýol açdy, “Galkynyşy” dünýä ýüzi tanap ugrady. Şondan bäri hem şeýle bäsleşiklerde her bir çykyş olar üçin esasy baýraklara beslenýär.

Türkmen atşynaslary bilen gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň başga ýurtlarda guralýan festiwallara atlary amatly şertlerde alyp gitmek üçin ýörite uçar, şeýle hem beýleki ýeňillikleri berýändigine Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Edgard Zapaşnyý haýran galdy, biziň ýurdumyzda bedewler aýratyn alada bilen gurşalandyr.

Bularyň ählisi biz üçin geň zatlar däldir. Türkmenleriň bütin köp müňýyllyk taryhy ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Atlaryň bu täsin tohumynyň ösdürilmeginiň özi halkymyzyň ýokary atşynaslyk ussatlygyna şaýatlyk edýär, sebäbi ähli tagallalary, zehini, kalbyňy berip, tebigat bilen bilelikde şeýle gudraty kemala getirmek mümkindir.

Milli Liderimiziň behişdi bedewlere nähili sarpa goýýandygy hemmelere mälimdir.Döwlet Baştutanymyz olara birnäçe kitabyny bagyşlady. Şol kitaplar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüliginiň ýankitabyna öwrüldi hem-de alym-atşynaslar üçin gymmatly ylmy çeşme bolup hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň örän baý medeni mirasyny, gadymy däp-dessurlaryny, atşynaslyk sungaty bilen baglanyşykly ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek hem-de gorap saklamak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gadymy milli mukaddeslikleriniň dowam etdirilmegine gönükdirilen syýasaty ahalteke bedewleriniň, türkmen atşynaslarynyň hem-de çapyksuwarlarynyň şan-şöhratynyň belende göterilmegine ýardam edýär. Medeni mirasymyzda ahalteke bedewlerine aýratyn orun degişlidir. Olaryň şan-şöhraty bolsa türkmen atçy-türgenleriň halkara ýaryşlarynda we sirk festiwallarynda gazanýan ajaýyp ýeňişleri bilen barha artýar.

Biziň atly jigitlerimiziň Sankt-Peterburgda geçirilen festiwalda üstünlikli çykyşy “Sirkiň rowaýatlary” atly gepleşigiň esasyny düzüp, artistleriň ajaýyp we akylly ahalteke bedewleri bilen gündelik türgenleşikleriniň netijesidir.Emma bu gezek biziň ussatlarymyz garaşylmadyk kynçylyklaryň hötdesinden gelmeli boldular.

Bu baradaky gürrüň gepleşige drama ýitiligini girizdi. Çinizelli sirkiniň manežiniň rezin örtügi biziň atlarymyz üçin örän typanjak boldy.Olaryň toýnaklary örtügiň ýüzünde ýüzýärdi, bu ýerde bir sekunda we bir ädime çenli ähli zatlar barlanypdy, çylşyrymly we howply tilsimleri ýerine ýetirmelidi.

Toparyň agzalary bu ýagdaýdan hem çykalga tapdylar, çykyşdan öň olaryň özleri maneži ýuwup, arassaladylar. Atlaryň şonuň üstünde ylgap, tizligini saklap bilmegi üçin işler geçirildi. Emma alada ýene-de artdy, atlar ähli tilsimleri birkemsiz ýerine ýetirip bilermi?...

Jigitlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň batly gadamlaryny alamatlandyrýan behişdi belewlere atlanyp, özlerine bildirilen ynamy buýsanç bilen, abraý bilen berjaý etdiler. Olar Döwlet tugumyzy nobatdaky gezek belende galdyryp, ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrdylar.

Türkmen jigitleriniň bu üstünlikli çykyşlary ýurdumyzyň sirk sungatyny dünýä derejesine çykarmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän toplumlaýyn işleriň netijeliliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna, daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerini we türkmen jigitleriniň ussatlygyny dünýä ýaýmakda ýene-de bir möhüm ädime öwrüldi.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde bu pudagyň düzümlerini ösdürmek, sportuň atçylyk görnüşlerini we at çapmagyň milli ýörelgelerini ösdürmek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ähli welaýatlarda häzirki zaman halkara ölçeglere laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary guruldy, şolar diňe bir at çapyşyklaryny geçirmek üçin däl-de, sportuň giň meşhurlyga eýe bolan bu milli görnüşini wagyz etmegiň hem-de köpçülikleýin ösdürmegiň merkezine öwrüldi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2010-njy ýylyň awgustynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi.Türkmenistanda, şeýle hem halkara giňişlikde ahalteke atçylygyny ösdürmek işinde bitiren uly işleri üçin ahalteke bedewleriniň hakyky muşdagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu assosiasiýanyň Prezidentligine biragyzdan saýlanyldy.

Türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna örän gymmatly goşandy bolup durýan ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak, daşary ýurtlarda arassa ganly atlaryň takyk hasabyny ýöretmek, halkara atçylyk sport ýaryşlaryny guramak, halkara atçylyk guramalary bilen tejribe alyşmak arkaly hünärmenleriň nazaryýet we hünär taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de olaryň baş sanyny artdyrmak onuň esasy maksady bolup durýar.

Her ýyl tutuş ýurdumyz boýunça türkmen bedewiniň hormatyna uly dabaralar geçirilýär — 2018-nji ýylda bu baýramçylyk milli derejä eýe boldy. Şöhratly ahalteke bedewiniň taryhy watany hökmünde Türkmenistan halkara bileleşigiň öňünde dünýä atçylygynyň iri merkezi derejesinde ýene-de ör-boýuna galdy. Bu ýerde behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň gadymy däpleri döwrebap ösüşe eýe bolýar.

Milli we dünýä medeniýetiniň taryhy özboluşlylygy bolan ahalteke bedewi ata Watanymyzyň döredijiligiň hem-de rowaçlygyň belentliklerine tarap öňe gitmeginiň, ýurdumyzyň üstünlikleriniň nyşanyna, milli mirasyň dowamatlylygynyň, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň ajaýyp miwesine, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň keşbine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

02.09.2018 | Türkmen atçylygy — dünýä metbugatynyň sahypasynda
08.06.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.02.2019 | Hormatly Prezidentimiziň bedewi — Galkynyş toparyna sowgat
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
Pygy Baýramdurdyýew: sylaga “Galkynyş” toparyny ussatlygyna berlen ýokary baha diýip düşünýärin