Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler

Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwal geçirilýär. Bu festiwalda ýurdumyzyň adyndan Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik edýär.

Şu gün — 10-njy dekabrda Gyrgyz Respublikasynyň milli akademiki drama teatrynda welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda Perhat Hudaýberenowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş etdiler.

Ildeşlerimiziň sahna eseriniň görkezilişi başlamazyndan ozal, Gyrgyz Respublikasynyň teatr birleşmesiniň Prezidenti Janyş Osmanowiç Kulmambetowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan syzlyp çykan Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy atly kitabynyň rus dilindäki neşiri sowgat berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň ady agzalan kitabynda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň türkmen halkynyň ussat kompozitory Nury Halmämmedow barada aýdan sözleri geçirilýär.Dostlukly ýurduň wekiline kitaby Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa gowşurdy.

Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwala gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň hem bardygyny bellemek gerek. Gülälek Akmyradowa bu halkara teatr festiwalyna emin agzasy hökmünde gatnaşýar. Bu bolsa türkmen teatr artistleriniň başarnygyna halkara derejesinde uly hormatdyr sarpa goýulýndygyna şaýatlyk edýär.

Halkara festiwala Türkmenistan döwletimiz bilen birlikde Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, şeýle-de Russiýa Federasiýasyndan gelen teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşýarlar.

Belläp geçsek, režissýor Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran Ak gämi spektakly özboluşly çözgütlere, dartgynly wakalara baý.Režissýor Ç.Aýtmatowyň eserinde gozgalýan durmuş meselelerini inçelik bilen yzarlap, onuň öňe süren pikirini çugdamlamagy, tomaşaçylaryň kalbyna ýakynlaşmagyny gazanypdyr.

Ejesi bilen kakasy aýrylyşan, Nurgazy atly oglanjyk mamasy bilen babasynyň elinde galýar.Ol bütinleý ünsden düşürilen çaga.Diňe babasy ol hakda aladalanýar, onuňam agyr zähmet zerarly wagty çäkli.

Öz-özi bilen ýalňyz galan oglanjyk Yssyk kölüň kenaryna baryp, ak gämini synlamakdan, ak gämide işleýän kakasyna duşmakdan başga arzuwy ýok.Ol ak gämä ýetip bilse, bar zat düzeläýjek ýaly, ähli adamlar dost-dogan bolaýjak ýaly duýulýar.

Ak gämi onuň durmuşynda ýetilmedik, ýöne ýetäýmeli uly sepgit, beýik maksat bolup dur. Ýöne nädip ak gämä, maksadyňa ýetmeli?!Onuň üçinem oglanjyk balyga öwrülmegi göwnüne düwýär.Suwa çümse, ol balyga öwrüljekdigine şeýle bir ynanýar.

Soňam, Ene sugun hakyndaky gadymy tymsal filosofiki hem psihologiki duýgular bilen spektakly baýlaşdyryp, çuňňur pikirlenmäge mejbur edýär.

Ýene degişli makalalar

Gülälek Akmyradowa halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşar
Gülälek Akmyradowa halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşar
Ildeşlerimiz Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy