“Türkmen arhiwi” žurnalynyň täze sany

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen arhiwi” taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagyz etmek, şeýle hem ýurdumyzyň arhiw işiniň ösüşine goldaw bermek, bu ulgamda gazanylanlary giňden beýan etmek bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirildi.

Žurnalda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara giň orun berlipdir. Neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iri forumlarda eden çykyşlary, resmi namalaryň ýygyndylary, milli Liderimiziň eserlerine ýazylan synlar hem çap edilipdir.

Onda ýerleşdirilen seljerme synlarynda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasy ugrunyň döredijilikli mazmuny giňden beýan edilýär. Geljek nesillerimiz üçin halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny täzeden dikeltmek we olary aýawly saklamak bu giň möçberli işiň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Žurnaldaky makalalaryň uly bölegi ýurdumyzda arhiw işiniň alnyp barlyşynyň kämilleşdirilişine bagyşlanypdyr. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyny emele getirýän esasy çeşmeler ministrlikler, pudaklaýyn edaralar, guramalar we kärhanalar bolup durýarlar. Olaryň alyp barýan işleriniň barşynda emele gelýän resminamalarda ýurdumyzyň taryhy tejribesi, döwletimiziň ösüşiniň syýasy, ykdysady we hukuk esaslary, milli ylmymyzyň we medeniýetimiziň gazananlary öz aýdyň beýanyny tapýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde kagyz ýüzündäki resminamalary işläp taýýarlamak boýunça däp bolan ýörelgäniň düzümi we mazmuny üýtgedilýär, kompýuter tehnologiýasynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde iş dolandyrylyşynyň täze görnüşleri işjeňleşdirilýär.

Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň tükelligini üpjün etmek bu gullugyň işgärleriniň baş wezipesidir.Bu wezipäni çözmek üçin arhiwleriň we dürli derejelerdäki guramalaryň düzüm bölümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmak zerur bolup durýar.

Žurnalda usuly häsiýetli makalalaryň tapgyry ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň garamagyndaky edaralarda we kärhanalarda iş dolandyrylyşynyň we arhiw işiniň alnyp barlyşyna gözegçilik etmäge, wagtlaýyn saklanmaga degişli resminamalara bildirilýän talaplara, kagyz ýüzündäki resminamalary işläp taýýarlamagyň esasy görnüşlerine bagyşlanypdyr.

Žurnalyň nobatdaky sanynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň arhiwleriniň oňyn iş tejribeleri, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň gymmatlyklaryny toplamak bilen meşgullanýan hojalyk hasaplaşygyndaky düzümleriň alyp barýan işleri barada gürrüň berýän makalalar hem ýerleşdirilipdir.

Žurnalyň sahypalarynda çap edilen Türkmenistanyň kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň iş dolandyryşynda emele gelýän resminamalaryň birkysmy Sanawynyň we olaryň saklanylmaly möhletleriniň dowamy hem hünärmenler üçin gymmatly bolup biler.Olarda maliýeleşdirmäge, karzlaşdyrmaga, statistiki we hasap, şeýle hem hasabatlylyga, zähmet gatnaşygyna degişli resminamalar olary saklamagyň möhletleri bilen görkezilýär.

Bu sorag-jogap gollanmasy öz işlerini pudaklaýyn ulgamdaky maksatlara, derejelere we ölçeglere bagly bolmazdan alyp barýan guramalarda ulanmaga niýetlendirilendir.

Taryhy öwrenmäge, dünýäde ruhy we maddy mirasy aýap saklamaga we wagyz etmäge toplumlaýyn we çuň ylmy taýdan çemeleşmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Bu wezipäni amala aşyrmakda milletimiziň gymmatly taryhy-medeni baýlygyny gorap saklaýan arhiw guramalaryna uly orun degişlidir. Şu mynasybetli žurnalyň her bir sanynda ýurdumyzyň baý geçmişi babatda täze mazmuna eýe bolýan makalalar çap edilýär. Žurnalyň nobatdaky sanynda türkmen halkynyň XX asyryň 20—30-njy ýyllaryndaky etnografiýasyna degişli maglumatlar hünärmenleriň synlary bilen ýerleşdirilipdir.

Onda şeýle hem XIX asyryň ahyrynda, ХХ asyryň başynda Ahalda un öndürmek işiniň guralyşy hakdaky makala çap edilipdir.

Beýik Seljuklar döwletiniň kuwwatly hökümdarlaryndan biri bolan Togrul begiň wezirleri baradaky makala bilen tanyşmak hem okyjylar üçin gyzykly bolsa gerek.Makalanyň awtory anyk resminamalaryň seljerilmesi esasynda Abdul Kasym Buzgany, Abu Abdulla Huseýn ibn Ali ibn Mikaýyl, Abu Muhammet Dehistany, Amydylmulk al-Kundury ýaly şa döwletini dolandyrmakda uly orun eýelän belli döwlet işgärleriniň keşplerini döredip bilipdir.

Türkmenistanyň gadymy taryhyna degişli ýazuw çeşmeleri baradaky makala hem okyjylary gyzyklandyryp biler.

Žurnalyň sahypalarynda şeýle hem belli edebiýatşynas-türkolog Mäti Kösäýew, görnükli etnograf Annadurdy Orazow, teatr we kino ussady Muhammet Çerkezow, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew we milli mirasy öwreniji Ümür Esenow hakynda makalalar ýerleşdirilipdir.

“Türkmen arhiwi” žurnalynyň şu gezekki sanynda türkmen kinosynyň we milli saz sungatynyň döreýşi, Köýtendag döwlet goraghanasynyň döredilmegi we Baýramaly etrap medeniýet öýüniň muzeýi hakynda makalalar çap edilýär.

Žurnalyň sahypalary Türkmenistanyň kinofotofono resminamalarynyň merkezi döwlet arhiwiniň gaznasyndaky suratlar bilen bezelipdir.

Türkmen we rus dillerinde neşir edilýän žurnal hünärmenler we şol bir wagtda okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

Ýene degişli makalalar

19.07.2017 | “Türkmen arhiwi” žurnalynyň täze sany
Reňkleri dillendiren ussat
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Halypa hatyrasy
Täsin ykbally zenan