Şu gün, 23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi Jonatan Hennigiň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň özara ygrarlydygy tassyklanyldy.
Taraplar sebit howpsuzlygy we Owganystandaky ýagdaýlar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. “Merkezi Aziýa + ABŞ” we “Türkmenistan - ABŞ - Owganystan” ýaly köptaraplaýyn görnüşli özara hereketleriň netijeliligi nygtaldy. Serhetara jenaýat bilen bir hatarda, döräp biljek howplara we wehimlere garşy göreşmegiň usullaryny güýçlendirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn üns berdiler. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Amerikan Işewürlik geňeşiniň işiniň ähmiýeti bellenildi.Türkmen tarapynyň Türkmenistanda ylmy we innowasion önümçiligi ösdürmek boýunça amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Senagat, energiýa, ulag, şeýle-de oba we suw hojalygy ýaly ulgamlar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda.
Taraplar iki döwletiň hem üns merkezinde bolan daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.Diplomatlar halkara guramalaryň we abraýly düzümleriň çäklerinde bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi bellediler.
Türkmen tarapy 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-26) 26-njy mejlisine işjeň gatnaşmagy maksat edinýär.
Mundan başga-da taraplar medeni we bilim babatdaky gatnaşyklar bilen bir hatarda, ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.