Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Syýasy hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, söwda-ykdysady ulgam, howanyň üýtgemegi, hususan-da metan zyňyndylaryny azaltmak we ynsanperwer gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Raşid Meredow ABŞ-nyň Daşary işler gullugynyň baş müdiri bilen duşuşdy
Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär
Türkmen-amerikan gatnaşyklary ýokary netijelere beslenýär
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ JEMLEÝJI BÖLÜMINDE SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLAR ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY