Türkmen alymy TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygy ýubileý medaly bilen sylaglanyldy

Türkmen alymy TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygy ýubileý medaly bilen sylaglanyldy

11-nji iýulda Türkiýäniň Ankara şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hem-de Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň bilelikde guramagynda gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli guralan bu halkara maslahata TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew, Gazagystanyň Türkiýedäki ilçisi Ýerkebulan Sapiýew, Gyrgyzystanyň Türkiýedäki ilçisi Ruslan Kazakbaýew, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, Türki dünýäniň Binagärler we inženerler birleşiginiň Baş sekretary Ilýas Demirçi, Ýewraziýa Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömeroglu, Türkmenistan — Türkiýe dostluk birleşiginiň prezidenti Abdurrahman Güzel hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedow we beýleki ugurdaş hünärmenler gatnaşdylar.

Bu barada guramanyň resmi saýty habar berýär.

Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň goşgularynda beýan edilýän ýörelgeleriň we öňe sürülýän pikirleriň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin örän uly ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda bu gurama tarapyndan 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilendigini we şol ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň hem türkmen topragynda ýerleşýän Änew şäheri boljakdygyny belläp geçdi.

Halkara ylmy maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedow TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygy ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Ýene degişli makalalar

Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär
Türki dünýasiniň medeni paýtagty Anew bilen bagly jemleýji dabara we konsert geçirildi
Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary