Türkmen alymlary “ýodomal” serişdesini işläp taýýarladylar

Türkmen alymlary “ýodomal” serişdesini işläp taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty ösümlikleriň utgaşmagynyň esasynda bakteriýalara garşy ulanylýan “ýodomal” serişdesini öndürmek ýaly täze ugry taýýarladylar.

TDH-nyň duşenbe güni habar berşi ýaly, ylmy barlaglar Merkezi Aziýada ýeke-täk bolan “Suw. Toprak. Howa” göçme barlaghanasynda geçirildi. Ol KAMAZ awtoulagynda enjamlaşdyryldy. Barlaghana dürli ugurlar boýunça möhüm ylmy barlaglary geçirmäge, çylşyrymly tejribe meselelerini çözmäge ukyply ylmy meýdança hasaplanylýar.

Himiýaçylaryň barlaglary netijesinde ýokarymolekulýar birleşme alyndy. Ol aýratynlygy boýunça poliwinilspirtinden pes bolmadyk azyk krahmalyny ergin görnüşe getirmek arkaly alynýar. Barlaglar türkmen hünärmenleriniň sintezirlän serişdeleriniň ýoduň adam bedenine bolan gatnaşyklaryny uzaldýandygy, şeýle hem bedende gyjynma döretmeýändigi bilen artykmaçdyr.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde geçirilen barlaglarda “ýodomalyň” bakteriýalara garşy häsiýetleri tutuş dünýäde giňden ulanylýan ýodonoluňky bilen deň derejededigi anyklandy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleriniň täze işläp taýýarlamalary ýurdumyzyň derman senagatynyň ösüşine mynasyp goşant we daşary ýurtlardan getirilýän serişdeleriň ornuny tutmagyň hasabyna uly bähbitli bolup durýar hem-de eksport mümkinçiliginiň ýola goýlan pursatynda giň möçberli girdejileriň gazanylmagyna ýol açar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen alymlary azyk biotehnologiýasy esasynda täze önümleri işläp taýýarlaýarlar
Balkan sement kärhanasynda ýokary hilli sement öndürilýär
Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanda biotehnologiýa pudagy üçin täze infrastruktura dörediler
Daşary ýurtlardan lebap sementini satyn almaga barha köp isleg bildirýärler
Türkmen alymlary azyk biotehnologiýasy esasynda täze önümleri işläp taýýarlaýarlar